Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Milli buýsanjymyz jahanyň nazarynda

Milli buýsanjymyz jahanyň nazarynda

1 Sentýabr, 2026 Makalalar
17

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýz paslynyň ilkinji günlerinde Günbatar Ýewropanyň ýüreginde dünýä atçylygynyň taryhyna ýazyljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionaty ähli halkymyzyň hem-de behişdi bedewlerimiziň jahanyň çar ýanyndaky muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan wakasydyr. 4 — 6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherindäki meşhur «Pilbergen» halkara atçylyk-sport toplumynda geçiriljek giň gerimli çäre diňe bir bütindünýä atly sportunyň taryhynda täze sahypany açmak bilen çäklenmän, eýsem, gadymy miras we innowasiýalar arkaly Gündogar bilen Günbatary birleşdirjek medeni diplomatiýanyň, dostlukly hyzmatdaşlygyň belent nusgasyny görkezer.

Ahalteke bedewleri halkymyz üçin milli gymmatlykdan zyýada, döwletliligiň janly nyşanydyr. Ýewropa yklymynda ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmegi döwletimiziň giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga açykdygyny, dostluk köprülerini gurmaga mydama taýýardygyny görkezýär. Çünki at türkmeniň kalby, iň naýbaşy gymmatlygy, janyndan eý görýän ýoldaşy. Bizem şu ýazgymyzda giň gerimli halkara çäräniň öňüsyrasynda onuň bilen bagly birnäçe sowallara jogap tapmagy makul bildik.

Niderlandlar Patyşalygynda geçirilýän dünýä çempionatynyň esasy ähmiýeti nämeden ybarat?

Taryha nazar aýlasaň, iri ýaryşlarda sport muşdaklaryny haýran galdyran ýa-da gözelligi bilen hökümdarlaryň kalbyny awlan türkmen bedewleriniň sanynyň az däldigini görýäris. Emma häzirki wagta çenli ahalteke atlarynyň gatnaşmagynda isle sport, isle gözellik bäsleşikleri, esasan, ýurdumyzda ýokary derejede, kähalatda bolsa dürli ýurtlarda ýerli athanalaryň guramagynda geçirilip gelinýär. Bu gezekki dünýä çempionaty bolsa ilkinji gezek ajaýyp bedewleriň asyl mekanyndan we dünýäniň onlarça ýurtlaryndan gatnaşyjylary bir ýere jemlär. Soňky onýyllyklarda Germaniýa, Fransiýa, Russiýa, Wengriýa, Çehiýa, Estoniýa ýaly ýurtlarda ahalteke atlaryny seýisleýän iri hojalyklaryň kemala gelendigi buýsançly ýagdaýdyr. Bu dünýä çempionaty ahalteke bedewleriniň gözelligini we sport mümkinçiliklerini görkezer. Şonuň üçin-de, bu çempionaty diňe bir baýrakly orunlar ugrundaky bäsleşik däl-de, milletimiziň medeni gymmatlyklarynyň giň gerimli tanyşdyrylyşy hökmünde häsiýetlendirip bolar.

Näme sebäpden ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty hut Kronenberg şäherinde geçirilýär?

Ýewropada Pariž, London, Berlin ýaly ahalteke bedewleriniň dünýä çempionatyny kabul etmäge mynasyp iri paýtagt şäherler az däl. Emma atly sport bilen içgin gyzyklansaň, Niderlandlar Patyşalygynyň günortasynda ýerleşýän Limburg sebitiniň bütindünýä atçylyk pudagynyň paýtagty derejesine eýedigi mälim bolýar. Germaniýa we Belgiýa bilen serhetleşýän, şeýle-de Fransiýadan onçakly uzak bolmadyk bu sebit kämil sport desgalarynyň jemlenen, öňdebaryjy atçylyk hojalyklarynyň, atly sport boýunça halkara federasiýalaryň merkezi edaralarynyň mesgen tutan ýeri bolup, «Ýewropa atçylygynyň altyn mekany» hökmünde bellidir. Munuň üstesine-de, Kronenberg şäheri logistika nukdaýnazaryndan örän oňaýly nokat bolup, Niderlandlar Patyşalygynyň we goňşy döwletleriň halkara howa menzillerinden bary-ýogy birnäçe sagat uzaklykda ýerleşýär. Şoňa görä-de, dünýä çempionaty üçin bu şäheriň saýlanyp alynmagy Fransiýadan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan, hatda alys yklymlardan gatnaşyjylaryň jemlenmegi üçin örän şowly çözgütdir.

«Pilbergen» atçylyk-sport toplumynyň aýratynlyklary barada näme bilmeli?

Häzirki zaman atly sportunda ýaryşyň geçirilýän desgalaryna örän ýokary talaplar bildirilýär. Kronenberg şäherindäki «Pilbergen» atçylyk-sport toplumy şeýle talaplara doly laýyk gelýän abraýly merkez hökmünde tanalýar. Her ýyl Halkara atly sport federasiýasynyň Milletler Kubogynyň ýarym finallary hut şu sport toplumynda geçirilýär. Atly sportuň iň ussat türgenleri Olimpiýa oýunlaryna we dünýä çempionatlaryna hut şol ýerde taýýarlyk görýär. Ýylyň 52 hepdesinde-de ýerli we halkara ýaryşlaryň üznüksiz geçirilýän ýeri hökmünde belli bolan «Pilbergen» 250 gektar meýdany eýeläp, atly sportuň birbada birnäçe görnüşi boýunça bäsleşikleri kabul etmäge ukyplydyr. Sport toplumynyň tehnologik mümkinçilikleri we kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bäsleşik meýdançalary — çägeli we otly manežleri onuň iň esasy gymmatlygydyr. Çägeli manežiň çyglylyk derejesi howa şertlerine laýyklykda, sanly ulgamyň kömegi arkaly awtomatik sazlanylyp, atlaryň bökdençsiz çykyş etmegi üçin iň ýokary şertleri üpjün edýär. Gurak we yssy howada toprak meýdançanyň aşagyndan çyglandyrylýar, ýagyş ýagan halatlarynda bolsa suw dessin siňdirilýär. Munuň özi atlaryň sazlaşykly hereket etmegini üpjün edip, şikesleriň öňüni almaga kömek edýär.

Dünýä çempionatynyň maksatnamasynda haýsy çäreler göz öňünde tutulan?

Ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň maksatnamasy köpugurlylygy bilen tapawutlanyp, geçirilmegi meýilleşdirilýän bäsleşikleriňdir çäreleriň bir-birinden gyzykly boljakdygy ikuçsuzdyr.

Sport bäsleşikleriniň aýratynlyklary

Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmekdäki ussatlygyny, çydamlylygyny, üşükliligini açyp görkezýän konkur we atly gezelenç boýunça bäsleşikler dünýä çempionatynyň maksatnamasynda aýratyn orun eýeleýär. Atçylygyň muşdaklarynyň arasynda ahalteke bedewleri, ilkinji nobatda, gözelligi we ýyndamlygy bilen tanalýar. Bu dünýä çempionaty türkmen bedewleriniň konkur we atly gezelenç ýaly ugurlarda-da bäsdeşlige ukyplydygyny subut eder. Tebigy çeýelik, hereketleriň sazlaşyklylygy we dogabitdi üşüklilik ýaly aýratynlyklar ahalteke bedewleriniň atly sport bäsleşiklerinde hem ýokary netijeleri görkezmegine mümkinçilik berýär. Absent atly bedewiň 1960-njy ýylda Rimde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn medala eýe bolup, atly sportuň taryhynda orun alandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Şondan soňky döwürlerde-de türkmen atlarynyň abraýly halkara ýaryşlardaky üstünlikli çykyşlary az däl. Niderlandlar Patyşalygyndaky dünýä çempionaty häzirki döwürde çempion bedewleriň ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirjek ahalteke atlarynyň bardygyny subut eder.

Gözellik bäsleşikleri — arzyly tomaşa

Dünýäde «Asman atlary», «Parfiýa şalarynyň altyn bedewleri», «Sähranyň janly gudraty» ýaly atlar bilen meşhur bolan bedewlerimiziň gözellik bäsleşikleri atçylygyň muşdaklary üçin iň arzyly tomaşalardyr. Dünýä çempionatynda halkara derejeli eminler tarapyndan bäsleşige gatnaşýan ahalteke bedewlerine baha berler. Ýeri gelende bellesek, gözellik bäsleşiklerinde baha berişde bedewleriň diňe bir daş keşbi däl, eýsem, nesil arassalygy, hereketleriniň sazlaşygy, özüni alyp barşy hem hasaba alynýar. Atlaryň altyn öwüşginlerine, kellesiniň gurluşyna, boýnuna, syratly aýaklaryna, ajaýyp göwresine aýratyn üns berlip, olaryň kesgitli standartlara laýyk gelýändigi gözden geçirilýär. Tebigy görnüşinde ussadyň elinden dörän ajaýyp heýkeli ýada salýan, şaý-sepler bilen bezelende gözüňi dokundyrýan, ýörände seýkin basyp, çapanda göýä toýnaklary ýere galtaşmaýan ýaly hereket edýän bedewlerimiziň gözellik bäsleşiginiň ahalteke atlarynyň dünýädäki muşdaklarynyň sanyny has-da artdyrjakdygyny ynamly aýdyp bileris.

Milli medeniýetiň göçme sergisi

Dünýä çempionatynyň geçirilýän günlerinde «Pilbergen» halkara atçylyk-sport toplumy türkmen Diýarynyň täsin künjegini ýada salar. Şol ýerde ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy pudagyň sergi pawilýonlary guralyp, olarda ahalteke bedewleriniň muşdaklary at esbaplarynyň, bezeg şaý-sepleriniň gaýtalanmajak nusgalary, ajaýyp halylar we haly önümleri, zergärçilik we nakgaş eserleri, heýkellerdir suratlar bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler. Atçylyk sport toplumynyň çäginde guraljak etnografik obada dünýäniň çar ýanyndan bolan myhmanlar türkmen medeniýeti bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Seýisçilige ylmy nukdaýnazar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ugurdaş düzümler bilen bilelikde guramagynda geçiriljek ylmy-amaly maslahat dünýä çempionaty bilen utgaşykly geçiriljek möhüm çäreleriň biridir. Onlarça ýurtdan köp sanly wekilleri jemlejek ylmy-amaly maslahatda türkmenistanly we daşary ýurtly hünärmenlerdir alymlar ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny goramak, bedewleri seýislemegiň häzirki zaman usullary, pudaga sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Bu çäre tejribeleri baýlaşdyryp, gadymy seýisçilik sungatyny häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyrmaga ýardam eder.

Bedewli eserler — ylham çeşmesi

Ahalteke bedewleriniň gözelligini çeper beýan edýän nakgaş, heýkel, zergärçilik, haly eserleriniň we fotosuratlaryň «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly halkara bäsleşikde ýurdumyzdan we daşary ýurtlardan gatnaşyjylaryň döreden eserlerine baha berler. Bu bäsleşige her ugur boýunça diňe bir milli sungat ussatlarynyň däl, eýsem, daşary ýurtly suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, fotohabarçylaryň ajaýyp eserleri bilen gatnaşmagy türkmen bedewiniň şan-şöhratynyň dünýä dolup, döredijilik ylhamynyň çeşmesine öwrülendigini nobatdaky gezek tassyklar.

Kalplary joşdurýan çykyşlar

Atlara erk etmekde we şowhunly tomaşalary guramakda ussatlygy bilen dünýäde uly meşhurlyk gazanan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlarynyň dünýä çempionatynyň gatnaşyjylarynda we myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrjakdygyna şübhe ýok. Ynsan bilen bedewiň özara düşünişmegini hakyky sungat derejesine çykaran toparymyzyň ençeme halkara bäsleşiklerde abraýly baýraklara mynasyp bolmagy, şeýle hem dürli forumlara we sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelýän myhmanlaryň türkmen jigitleriniň at üstünde fizikanyň kanunlaryna we Ýeriň dartyş güýjüne boýun egmeýän hereketleri ussatlyk bilen ýerine ýetirişlerine haýran galmak bilen tomaşa edip, her pursady göýä taryhy waka ýaly wideoşekillere geçirişlerini göreniňde, milli gymmatlygymyza buýsanjyň has-da artýar. «Pilbergen» atçylyk-sport toplumyndaky dabaralaryň hut şeýle ruhubelentlikde geçirilip, dünýäniň milli atçylyk sirk sungatymyzyň öňünde ýene bir gezek baş egjekdigini aýdyp bileris.

* * *

Behişdi bedewler — halkymyzyň buýsanjy hem-de mertebesi. Milli gymmatlyklarymyzdan ylham alyp, maksatlarymyzyň myrada gowuşýan, okgunly ösüşlerimiziň rowaçlanýan ýylynyň tylla güýzüniň ajaýyp günlerinde türkmen bedewleri bütin dünýäniň nazarynda. Nesip bolsa, ýene sanlyja günden badalga aljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jebisleşen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny we şöhratly geçmişini sarpalap, döwür bilen deň gadam urýandygyny, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny we beýik geljege bedew bady bilen barýandygyny görkezer.

Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».