Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» we beýleki maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu resminamalar diňe bir nazary bilim bermegi däl-de, eýsem, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmagy, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her bir raýatyň bilim almaga bolan hukugy kepillendirilýär.
Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir. Ýurdumyzda olaryň abadan we bagtyýar durmuşy üpjün edilip, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklarynyň doly açylmagy üçin ähli şertler döredilýär. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm strategik maksatlarynyň biridir. Bu ugurda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Bu gurama eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin maşgalanyň maddy abadançylygyny ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzda Ýewropa Bileleşiginiň «ERASMUS+» maksatnamasy, Germaniýanyň «DAAD» we «PAD» maksatnamalary, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti, ABŞ-nyň bilim maksatnamalary («Techgirls», «Flex», «SUSI»), Hindistan Respublikasynyň «ITEC», Ýaponiýanyň «JIСА» we Koreýa Respublikasynyň «KOIСA» maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Bu günki gün ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, nazary bilimlerini we amaly endiklerini kämilleşdirmekleri, sanly tehnologiýalary özleşdirmekleri, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglarydyr tehnologik tejribeleri öwrenmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň okamaklaryna, şeýle hem olaryň zerur hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky institutlarda, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli, täzeçe ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin hemme zerur şertler bar. Bularyň ählisi türkmen ylmyny dünýäde öňdebaryjy orunlara çykarjak ýaş alymlaryň, inžener-tehnologlaryň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam berýär.
«Maglumatlar we tehnologiýalar asyry» diýlip atlandyrylýan XXI asyrda ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek döwrüň talaby we güýçli döwlet bolmagyň esasy şertidir. Bu maksatlar «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» aýdyň kesgitlenildi. Sanlylaşdyrmak bilim ulgamynyň täze tapgyrydyr. Elektron okuw kitaplary, wirtual laboratoriýalar we gibrid okatmak usullary bilim almagyň elýeterliligini hem-de gyzyklylygyny artdyrýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň çäklerinde has-da rowaçlanýar.
Bilimli nesil döwletiň sarsmaz sütünidir. Mugallymçylyk usulyýetiniň kämilleşdirilmegi we halkara öňdebaryjy tejribeleriň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly we watansöýüji şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir.
Bagtyýar ýaşlarymyza okamaga, hünär öwrenmäge, yhlasly zähmet çekmäge mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!