Taryhy golýazmalardyr edebi eserlerde bilimiň ynsana bagt eçilýändigi, halkyň geljegine nur saçýan şamçyragdygy hakynda kän tekrarlanýar. Bu garaýyş ähli döwürde-de ünsden düşmän gelýär.
Şanly ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlar milli bilim ulgamynyň taryhy döwürde ösüşiň täze tapgyryna gadam basýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýylyň başyndan bäri okuwçylaryň, talyplaryň halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 992 medal gazanmaklary hem buýsandyryjy üstünlikdir. Bu görkeziji bilim ulgamynda amala aşyrylan döwrebap özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Buýruga gol çekip, ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Bilimli, ylym öwrenmäge höwesli ýaşlar ata Watanymyzyň nurana geljeginiň, ýagty ertirleriniň eýeleridir. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşlarymyz aýratyn üns-alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň halkara talaplara we hil ölçeglerine laýyk gelýän bilim almagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsandyryjydyr. Häzirki döwrüň kämil innowasiýalary, “akylly” we sanly tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan bagtyýar ýaşlar ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ugurlarynda zähmet çekjek kärine ezber hünärmenler bolup ýetişýärler. Özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar türkmen ýaşlary bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Ýurdumyzda ýylyň-ýylyna talyplyga dalaşgärleriň sanynyň barha artmagy hem sözümiziň aýdyň güwäsidir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigi barada aýdylanlaryň okamaga, öwrenmäge höwesli ýaşlar bilen bir hatarda, bilim işgärleriniň, şonuň ýaly-da, bagtyýar ildeşlerimiziň hem göwün guşuny ganatlandyrandygyny aýratyn nygtamak isleýärin.
Milli bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlaryň bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.