Berkarar döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda milli bilim ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürilip, talyp ýaşlaryň diňe nazary taýdan däl, eýsem, amaly taýdan hem bilimleriniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlaryň söýgüli neşiri bolan «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda önümçilik tejribeligini geçmegimiz talyplyk ýyllarymyzyň ýatda galyjy wakalarynyň birine öwrüldi.
Biz her okuw ýylynda öz hünärimize görä degişli ýerlerde, aýratyn hem, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň redaksiýalarynda, milli teleradioýaýlymlarymyzda önümçilik tejribeligini geçýäris. Şeýdibem, öwrenen bilimlerimizi tejribe üsti bilen has-da berkidýäris.
«Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň tejribeli işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen döredijilik maslahatlary, makala taýýarlamagyň usullary baradaky düşündirişler nazary bilimlerimizi amaly taýdan berkitmäge uly mümkinçilik döretdi. Tejribelik döwründe biz korrektorlaryň, habarçylaryň, bölüm redaktorlarynyň hem-de jogapkär kätibiň iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyk, makalalaryň redaktirleme işlerine gatnaşdyk. Şeýle hem dürli temalarda özbaşdak makalalar ýazyp, redaksiýa tabşyrdyk. Gazet sahypalarynda ýaşlar syýasatynyň giňden beýan edilýändigi, ýaşlaryň döredijiligine aýratyn üns berilýändigi bizi döredijilik bilen meşgullanmaga has-da höweslendirdi.
Gazetiň redaksiýasynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriň ugurdaş hünärlerinde bilim alýan talyplaryň ençemesi önümçilik tejribeligini geçýärler. Olar bilen söhbetdeş bolanyňda, žurnalistik işiň uly tejribäni, ýörite endikleri, ýokary hünär taýýarlygyny talap edýändigini nygtaýarlar. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Uzuk Gurbandurdyýewa şeýle gürrüň berdi:
— Her gezek önümçilik tejribeligini geçmegimiz talyplyk durmuşymyzda ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrülýär. Sebäbi biz tejribelik döwründe nazary bilimlerimizi amalyýetde özleşdirýäris, döredijilik adamlary bilen tanyşýarys, olar bilen pikir alyşýarys, täze iş endiklerini öwrenýäris. Munuň özi biziň üçin özboluşly kämillik mekdebidir. Biz geljekde hem özümize bildirilýän beýik ynama diňe ýeňişlerimiz bilen jogap bereris. Ýaşlara ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Peristan Töräýewa bolsa geljekki halkaraçy hünärmen hökmünde «Nesil» gazetiniň redaksiýasynda önümçilik tejribeligini geçmegiň özi üçin örän uly mümkinçilik bolandygyny belleýär.
— Tejribelik döwründe institutymyzyň «Ýaş diplomatyň sesi» elektron gazetinde, şeýle hem internet saýtlarynda dürli temalardaky, şol sanda önümçilik tejribeligimiziň ähmiýetini şöhlelendirýän makalalar bilen çykyş edýäris. Bu tejribe geljekki hünär ýolumyzda möhüm ädimleriň biri bolar. Biziň kämil hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin yzygiderli tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys — diýip, ol ýürek buýsanjyny beýan edýär.
Umuman, ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegi üçin döredilýän şeýle mümkinçilikler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän beýik ynamynyň aýdyň netijesidir. Biz — ýaşlara döwrebap bilim almagymyz, saýlan hünärimiz boýunça kämilleşip, tejribe toplamagymyz üçin ähli tagallalary edýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!