Her bir halkyň döwletliligini, agzybirligini we milli bitewüligini görkezýän özboluşly däpleri bolýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren iň gymmatly ýörelgeleriniň biri hem möhüm meseleleri halk bilen maslahatlaşmakdyr. Şonuň üçin hem bu parasatly ýörelgeler häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işinde öz beýanyny tapýar.
Taryha ýüzlensek, gadymy döwürlerde hem ýurtda parahatçylygy goramak, halkyň abadançylygyny üpjün etmek, goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ýola goýmak ýaly jogapkärli meseleler il geňeşi arkaly ara alnyp maslahatlaşylypdyr. Munuň özi türkmen halkynyň döwlet dolandyryşynda geňeşe we agzybirlige uly ähmiýet berendigini görkezýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň döwletlilik däplerini häzirki zaman talaplary bilen utgaşdyrýan ýokary wekilçilikli edara hökmünde çykyş edýär. Onda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň esasy ugry halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, döwletimiziň kuwwatyny artdyrmakdan hem-de geljek nesiller üçin berk binýat döretmekden ybaratdyr.
Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkyň öňdebaryjy wekilleri, il sylagly ýaşulular bilen geçirilmeginiň çuňňur manysy bar. Sebäbi taryhy tejribe häzirki ösüş bilen utgaşanda kabul edilýän çözgütler has kämil we uzak geljegi nazarlaýan häsiýete eýe bolýar. Olar ýaş nesle diňe bir öwüt-ündew bermän, eýsem, öz durmuş ýoly bilen hem görelde görkezýärler. Şonuň üçin olaryň pikirleri döwlet durmuşynda hem aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz milli döwletlilik däplerini gorap saklamaga we nesilleriň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmaga uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde bu asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylýan üstünlikler, giň gerimli özgertmeler şeýle öňdengörüjilikli syýasatyň aýdyň netijesidir.
Halk Maslahaty halk bilen döwletiň bitewüliginiň nyşanydyr. Onda kabul edilýän çözgütler raýatlaryň abadançylygyna, ylym-bilimiň ösmegine, milli medeniýetiň baýlaşmagyna, ýaş nesliň watançylyk ruhunda terbiýelenmegine we ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da artmagyna gönükdirilýär.
Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede görülýän taýýarlyk hem halkymyzyň jebisliginiň beýanydyr.
Halk bilen geňeşmek ýörelgesi jemgyýetiň beýgelmegine hem-de ösmegine oňyn täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmek hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesi bolup durýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwletlilik däplerimiziň, halk paýhasynyň we milli ýörelgelerimiziň häzirki zaman kämil beýanydyr. Ata-babalarymyzyň parasatly ýoluny dowam edip, jemgyýetiň akyl-paýhasyna hormat goýmak, halkyň pikirine daýanmak we möhüm çözgütleri bilelikde kabul etmek türkmen döwletiniň mizemez sütünleriniň biridir. Bu beýik ýörelgeler geljekde hem ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzünde abraýynyň has-da belende galmagyna hyzmat eder.