Diýarymyzda täze okuw ýylyna guramaçylykly girişildi
Altyn güýzüň ilkinji gününde ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan «Ilkinji jaň» dabaralary hemmeler, aýratyn-da, 1-nji synpa gadam goýan çagalar üçin tolgundyryjy boldy. Umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini Bilimler we talyp ýaşlar gününiň toý ruhy gurşap aldy. 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli täze bilim ojaklarynyň döwrebap binalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylygyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Joşgunly dabaralar Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaralara gatnaşyjylaryň ruhuny has-da belende göterdi. Ilkinji okuw sapagynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» mowzugynda geçirilmegi ýaş türkmenistanlylaryň beýik döwre buýsanjyny artdyrdy.
AŞGABATDA
Baş şäherimizde täze okuw ýylyna ýokary taýýarlykly hem-de ruhubelentlikde girişildi. Döwrebap umumybilim ojaklarynda güýzüň ilkinji säheri aýdym-sazlar, buýsançly gutlaglar bilen garşylanyldy. Paýtagtymyzyň ak mekdeplerinde şu okuw ýylynda 213 müň 361 okuwçy bilim alar. Olaryň arasynda 1-nji synpa kabul edilen 17 müň 145 okuwça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy has-da ýatda galyjy boldy.
Aşgabatda 2026-2027-nji okuw ýylynda bilim edaralarynyň 346-sy, şol sanda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 193-si, orta mekdepleriň 148-si, mekdepden daşary edaralaryň 5-si hereket eder. Ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 52-sinde daşary ýurt dilleri, tebigy, takyk, ynsanperwerlik, maglumat tehnologiýalary we programmirlemek, kiberhowpsuzlyk ugurlary çuňlaşdyrylyp öwrediler. Orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlardan jemi müňe golaý ýaş mugallym bilim edaralarynda ilkinji zähmet ýoluna başlady.
Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».
ARKADAG ŞÄHERINDE
«Akylly» şäherde günüň ilkinji wakalary Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde ilhalar ynsan, ussat mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak çäresi bilen başlandy. Mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre mugallymçylyk kärine, bilim-terbiýe işine, halypa-şägirt ýörelgesine goýulýan hormatyň nyşanyna öwrüldi.
Soňra Arkadag şäheriniň umumybilim berýän mekdeplerinde 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Ilkinji jaň» dabaralary geçirildi. Bilimler dünýäsine ilkinji gezek gadam basan 650-ä golaý 1-nji synp okuwçysyna hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň adyndan «Bilimli» atly noutbuklaryň gowşurylmagy olarda egsilmez şatlyk döretdi.
Ilkinji okuw sapaklarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen geçilmegi ýaş nesliň Watana söýgüsini, bilim almaga höwesini has-da berkitdi.
Maksatmyrat ÇARYÝEW.
(Öz habarçymyz).
AHALDA
Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde welaýatyň dürli ýerinden gelen okuwçylar hem-de bilim işgärleri, ilki bilen, Milli Liderimiziň atasy, hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nurana ýadygärligine ter gül desselerini goýdular. Bilim ojagyndaky muzeý bilen tanyşlyk hem olarda ýakymly täsirleri döretdi. Täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan dabaralar welaýatdaky umumybilim berýän mekdepleriň 243-sinde hem şatlyk-şowhuna beslendi.
Welaýat boýunça şu ýyl ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätlän 6 ýaşly çagalaryň 18 müňe golaýyna «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň gowşurylmagy olaryň şatlygyny artdyrdy. Welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda işe başlan 900-den gowrak ýaş hünärmeniň durmuşynda-da şanly sene aýratyn ähmiýete eýe boldy. Gökdepe etrabynyň T.Baýramdurdyýew geňeşliginiň Gökdepe obasynda 2 gatly, 960 orunlyk orta mekdebiň açylyp ulanmaga berilmegi bilimler baýramçylygyna özboluşly sowgat boldy. Onuň gurluşyk işleri «Şadyýan gurluşyk» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirildi. Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde «Hyrydar» hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barlan 320 orunlyk täze çagalar bagy-da körpe nesle gapylaryny giňden açdy.
Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
BALKANDA
Täze okuw ýylynda Hazarýaka sebitiň ak mekdeplerinde 9 müňden gowrak çaga birinji synpa gadam goýdy. Olaryň her biri özlerine gowşurylan «Bilimli» atly noutbugy hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň baýramçylyk sowgady hökmünde kabul etdiler.
Şu okuw ýylynda Balkanda 165 sany umumybilim edarasynda 7 müňden gowrak mugallym 130 müňden gowrak çaga bilim-terbiýe berer. Bilim işgärleriniň 500-den gowragy ilkinji gezek zähmet ýoluna başlan ýaş mugallymlardyr. 173 sany mekdebe çenli çagalar edarasynda 1 müň 628 terbiýeçi 22 müň 717 çaga terbiýe berer. 3 sany mekdepden daşary edara, 11 sany çagalar we ýetginjekler döredijilik öýi hereket eder. Çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde 405 topar, 107 gurnak ýolbaşçysy işlär. Şeýle-de olarda 5 müňden gowrak çaga 37 ugur boýunça hünär öwrener.
Arazguly HUDAÝGULYÝEW.
(Öz habarçymyz).
DAŞOGUZDA
Bilimler baýramçylygynyň şanyna Daşoguz şäheriniň gözel künjegindäki welaýat kitaphanasynyň dabaralar meýdançasy toý lybasyna beslendi. Bu ýerdäki baýramçylyk çäresinde ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri wasp edýän buýsançly çykyşlara orun berildi.
Welaýat merkeziniň «Gülüstan» şäherçesinde 240 orunlyk döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy ýatda galyjy, täsirli wakalara baý boldy. «Mäkäm» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan, iki gatdan ybarat täze binanyň lingafon otaglarynda körpelere döwrebap terbiýe bermek, mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda ilkinji bilim esaslaryny öwretmek üçin zerur kompýuter enjamlary, multimedia tagtalary ornaşdyryldy. Desganyň giň howlusynda ýörite bassyrmalar, açyk asmanyň astyndaky howuz göz öňünde tutuldy. Bu ýerde 1,5-den 6 ýaşa çenli bolan çagalaryň 12 topary hereket eder.
Demirgazyk sebitde 532 sany orta mekdebiň gapysyndan alty ýaşly çagalaryň 27 müňe golaýy gadam goýdy. «Bilimli» atly öwrediji noutbuklar körpeleri bilimler dünýäsinde täze belentliklere alyp gider. Olaryň gunduz ýaly arassa okuw otaglarynda ilkinji sapaklar täsirliligi bilen tapawutlandy.
Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
LEBAPDA
2026-2027-nji okuw ýylynda welaýat boýunça körpeleriň 20 müň 674-si 1-nji synpa okuwa bardy. Olaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly noutbuklar gowşuryldy.
Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Duruýap obasynda açylyp ulanmaga berlen 28-nji orta mekdebiň täze binasy birbada 400 okuwça bilim bermäge niýetlenendir. «Astana gurluşyk» hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen döwrebap bilim ojagy 3,5 gektar meýdany eýeleýär. Mekdepde 34 sany synp otagy bilen birlikde, dürli maksatly goşmaça otaglaryň 12-si, kompýuter we lingafon otaglarynyň her haýsyndan ikisi bar. Täze okuw ýylynda bu mekdebiň bosagasyndan körpeleriň 48-si ilkinji gezek bilimler dünýäsine gadam goýdy. Bilim ojagynda 33 mugallym ýaş nesle bilim-terbiýe berýär.
Farap etrabynyň Garamyş geňeşliginiň Bozaryk obasyndaky 24-nji orta mekdebiň täze binasy-da 600 orunlyk bolup, 3 gektar meýdany eýeleýär. «Bäş nur» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan gurlan bilim ojagynda 44 sany synp, dört lingafon we iki kompýuter otagy bar. Lingafon otaglarynyň ikisiniň iňlis, ikisiniň bolsa rus dilini çuňňur öwrenmäge niýetlenmegi daşary ýurt dillerini özleşdirmek üçin oňaýly şert döredýär. Täze okuw ýylynda mekdebiň 1-nji synpyna 25 körpe kabul edildi. Bu ýerde 34 mugallym zähmet çekýär.
Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).
MARYDA
Gadymy Mary topragynda täze — 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan bilim özgertmelerini şöhlelendirdi. Welaýatyň çägindäki umumybilim, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde baýramçylyk joşguny möwç urdy.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, welaýatyň beýleki bilim ojaklarynda we 400-den gowrak umumybilim berýän orta mekdebinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary şatlyk-şowhuna beslendi. Aýdym-sazly, tansly çykyşlar aýratyn täsirli boldy. Ak mekdeplere birinji synpa kabul edilen bagtyýar körpeleriň 27 müň 605-sine döwlet Baştutanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan öz ýurdumyzda öndürilen täze, döwrebap «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleriniň sowgat berilmegi olaryň baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşdy.
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).