Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň be­ýa­ny

Ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň be­ýa­ny

14 Sentýabr, 2026 Makalalar
5

Türk­me­nis­tan 35 ýyl mun­dan ozal özü­niň Ga­raş­syz­ly­gy­ny yg­lan edip, de­mok­ra­tik, hu­kuk we dün­ýe­wi döw­let gur­lu­şy­ny saý­lap al­dy. Ýur­du­myz şol ta­ry­hy wa­ka­dan soň­ra özyg­ty­ýar­ly hem-de er­kin ösüş ýo­lu­na ga­dam bas­dy we Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da äh­li ul­gam­lar bo­ýun­ça be­lent sep­git­le­re ýet­di. Mu­nuň özi döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň türk­men hal­ky­na be­ren peş­ge­şi­dir. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­myz ha­kyn­da ala­da­ny il­kin­ji no­bat­da goý­ýan Gah­ry­man

Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de döw­le­ti­mi­ziň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýan baş­lan­gyç­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hal­ky­myz bo­le­lin dur­mu­şyň, öz­baş­dak­ly­gyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýar. Ýur­du­myz bar­ha kuw­wat­la­nyp, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Bu ugur­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has-da go­wu­lan­dyr­mak­da, ada­myň öm­rü­ni we sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak­da, ýur­duň se­na­gat we dur­muş ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek­de, azyk bol­çu­ly­gy­ny dö­ret­mek­de, pa­ra­hat­çy­ly­gy we asu­da­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da, dost-do­gan­ly­gy ber­kit­mek­de ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler, hal­ka­ra de­re­je­sin­de ýe­ti­len be­lent sep­git­ler örän gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Äh­li ul­gam­lar­da ga­za­nyl­ýan bu ösüş­ler hal­ky­my­zy tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar.

Ga­raş­syz­lyk türk­men hal­ky­ny dün­ýä çy­kar­dy, onuň at-ab­ra­ýy­ny, şan-şöh­ra­ty­ny, mer­te­be­si­ni, ru­hy dün­ýä­si­ni be­len­de gö­ter­di. Bu dö­wür­de ýur­duň, hal­kyň yk­ba­ly bi­len bag­la­ny­şyk­ly is­len­dik me­se­le iň­ňän oý­la­ny­şyk­ly, akyl­ly-baş­ly çö­zül­di. Ga­raş­syz­lyk türk­me­ne gur­ma­ga we dö­ret­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de Türk­me­nis­tan dur­nuk­ly ös­ýän ýurt­la­ryň ha­ta­ry­na go­şul­dy. Beý­le­ki ul­gam­lar­da bol­şy ýa­ly, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem uly öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­dy. Çün­ki Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de il­deş­le­ri­mi­ziň dün­ýä­ga­raý­şy hem öz­ger­di we has kä­mil­leş­di. Bag­ty­ýar adam­lar er­kin we öz­baş­dak dur­mu­şyň hö­zi­ri­ni gö­rüp, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­ýär­ler. Bu bol­sa mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze, eziz Wa­ta­ny­my­za buý­san­jy ke­ma­la ge­tir­ýär.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hal­kyň azat­ly­gy­nyň we er­kin­li­gi­niň hem-de hak-hu­kuk­la­ry­nyň do­ly go­ral­ma­gy­ny üp­jün et­mek, ýur­du­my­zyň hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ber­ke­me­gi­, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni dur­mu­şy­nyň gül­läp ös­me­gi­ ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Döw­le­tiň, jem­gy­ýe­tiň we şah­sy­ýe­tiň öza­ra saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni ga­zan­mak­da, il­kin­ji no­bat­da, ru­hy-ah­lak taý­dan kä­mil, ýo­ka­ry aň-dü­şün­je­li we be­den taý­dan sag­dyn, dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te ukyp­ly şah­sy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek­de uly iş­ler alnyp barylýar. Ýur­du­my­zy be­ýik ösüş­le­re bes­le­mek ba­bat­da­ky asyl­ly mak­sat­la­ryň my­ra­da ýe­ti­ril­me­gi hal­ky­myz­da eg­sil­mez ruh­lan­dy­ry­jy güý­ji ke­ma­la ge­tir­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de her bir il­de­şi­miz ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­ly­gyn­dan, bag­ty­ýar dur­muş­dan, be­ýik ösüş­ler­den yl­ham al­ýar. Ösüş­le­re öz mynasyp goşandyňy goşup, mil­li ýö­rel­ge­le­re eýer­mek, amal edil­ýän be­ýik iş­le­re top­lum­la­ýyn we saz­la­şyk­ly çe­me­leş­mek, tä­ze­çil­lik ýa­ly mu­kad­des ýö­rel­ge­le­riň da­ba­ra­lan­ma­gy, üs­tün­lik­le­re bes­len­me­gi bu gün bi­ziň her bi­ri­mi­zi dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te ruh­lan­dyr­ýar. Wa­ta­ny­my­zyň be­ýik ösüş­le­ri­ne bo­lan ýü­rek buý­san­jy­my­zy art­dyr­ýar.

Ga­raş­syz­lyk ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ar­zuw­lan ýo­ly bo­lup, Wa­ta­ny­my­zy şöh­rat­lan­dyr­ýan mu­kad­des­lik­dir. Bag­ty­ýar hal­ky­myz hä­zir­ki wagt­da ata Wa­ta­ny­my­zyň şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­ly­gy­nyň baý­ram­çy­ly­gy­na my­na­syp zäh­met sow­gat­la­ry bi­len bar­ýar. Wa­ta­nyň şöh­rat­ly gel­je­gi, hal­ky­my­zyň asu­da, bag­ty­ýar dur­mu­şy, ýaş nes­liň sag­dyn, döw­re­bap dü­şün­je­li, päk ah­lak­ly bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri ba­bat­da­ky be­ýik baş­lan­gyç­lar bu gün üs­tün­lik­le­re bes­len­ýär. Eziz hal­ky­myz Ga­raş­syz­ly­gyň peş­geş eden bag­ty­ýar za­ma­na­sy­nda çäk­siz buý­sanç duý­gu­sy bi­len ýa­şa­ýar. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za, eziz Wa­ta­ny­my­za tüýs ýü­rek­den buý­san­ýa­rys.

Sül­gün­je­mal ORA­ZO­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.