Geçmişde Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir özara bähbitli söwda geçelgesi bolman, eýsem, giň gerimli medeni gatnaşyklaryň hem köprüsi bolandygy mälimdir. Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý bu özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri hökmünde dostlukly gatnaşyklaryň dowamatlylygyny üpjün edýärler. Şunda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň Pekin şäherine amala aşyran iş sapary hem netijeli duşuşyklara, täze başlangyçlara baý boldy.
Soňky ýyllarda Türkmenistan ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim bermek, daşary ýurt dillerini öwretmegiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak bilen bir hatarda, halkara bilim giňişliginde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlara hytaý diliniň öwredilmegi, hytaý medeniýetiniň giňden tanadylmagy, türkmen we hytaý ýaşlarynyň arasynda akademiki gatnaşyklary ösdürmek derwaýys ugurlaryň biri bolup durýar.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyna degişli dürli mazmunly ylalaşyklaryň 30-a golaýy hereket edýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-synda müňe golaý talyp, orta mekdepleriň 10-synda bolsa 6 müň 200 okuwçy hytaý dilini öwrenýär. Hytaýyň bilim ojaklarynda 10 müň töweregi türkmen raýaty dürli hünärler boýunça bilim alýar. Şolaryň 350-si hökümetara ylalaşyklar esasynda okaýan ýaşlardyr. Ýeri gelende, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dostlukly ýurtdan gelen mugallymlaryň ýaşlara hytaý dilini öwredýändiklerini bellemek gerek. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde-de 2024 — 2026-njy ýyllarda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan hytaý dili mugallymy Guo Leýiň zähmet çekmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň oňyn mysallarynyň birine öwrüldi. Onuň uniwersitetde alyp baran okuw we mugallymçylyk işiniň netijeleri, talyplaryň hytaý diline bolan gyzyklanmasynyň artmagyna goşan goşandy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr.
Biziň Pekine amala aşyran saparymyzyň maksady hem bilim ulgamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan, öňde durýan wajyp wezipeleri durmuşa geçirmekden ybarat boldy. Iş saparynyň dowamynda Hytaý dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkeziniň ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirilip, olarda Türkmenistanyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini, şol sanda hytaý dilini öwretmegiň häzirki zaman usullary barada giňişleýin pikir alşyldy.
Duşuşykda agzalan merkeziň baş direktorynyň orunbasary Ýang Žou hem-de merkeziň bölüm müdirleri bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýokary derejede ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň bilim ulgamynda hem öz oňyn netijelerini berýändigi bellenildi. Şu oňyn tejribä daýanyp, täze okuw ýylynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini hytaý dili mugallymy bilen üpjün etmek meselesi babatda möhüm ylalaşyk gazanyldy. Bu başlangyç uniwersitetimizde hytaý dilini öwretmegiň hilini has-da ýokarlandyrmaga, talyplaryň dil taýýarlygyny kämilleşdirmäge, mugallymçylyk tejribesiniň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik döreder.
Hytaý tarapynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşiklerde bilim ulgamyndaky özara hereketleriň gerimini giňeltmäge degişli täze teklipdir başlangyçlar öňe sürüldi. Şolar, esasan, okuw ýylynyň dowamynda hytaý dili we medeniýeti hepdeliklerini geçirmek, hytaý dilini öwrenýän talyplar üçin ýöriteleşdirilen açyk we onlaýn sapaklary guramak, talyp alyşmalary maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglydyr. Bu başlangyçlar ýaşlaryň diňe bir daşary ýurt dilini öwrenmegine däl, eýsem, başga bir halkyň baý medeni mirasyna, taryhyna, däp-dessurlaryna gowy düşünmegine hem ýardam berer. Dil bolsa ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrýan, özara düşünişmegi berkidýän wajyp köprüleriň biridir.
Halkymyzda «Dil bilen dünýäni gezer», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam» diýen jümleler bar. Häzirki zaman dünýäsinde dil bilmek ösen tehnologiýalardan, innowasion enjamlardan baş çykaryp, internet ulgamynyň üsti bilen has köp maglumatlardan habarly bolmakda, halkara hyzmatdaşlykda uly ähmiýete eýedir. Şoňa görä, soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi barha artýar. Dünýä dillerini, şol sanda hytaý dilini çuňňur öwrenmek ýaş hünärmenlere halkara bilim we hünär giňişliginde öz mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge şert döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanmagyna, täze bilimleri özleşdirmegine hem-de halkara gatnaşyklaryň işjeň gatnaşyjylaryna öwrülmegine ýardam edýär.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň Pekinde geçiren iş duşuşyklarynyň netijeleri hem Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny görkezýär. Gazanylan ylalaşyklardyr öňe sürlen täze teklipleriň bilim ojagymyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň ilerledilmeginde ýene bir oňyn ädim boljakdygy şübhesizdir. Iki dostlukly ýurduň arasynda bilim ýaly derwaýys ugurda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar halklaryň gülläp ösüşiniň bähbidine täze mümkinçiliklere ýol açýar. Çünki bilim we ylym arkaly döredilýän dostluk köprüleri diňe şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem berk binýadydyr.
Milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek babatda uly tagallalar edip, halkara bilim hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde ähmiýet berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.