Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ynha, ýurdumyzda täze 2026-2027-nji okuw ýyly hem üstünlikli başlandy we ähli bilim işgärlerini, ýaşlary tüýs ýürekden buýsandyrdy. Çünki täze okuw ýyly üstünlikleriň gözbaşy bolup, her bir okuwçyny bilim öwrenmäge ruhlandyrýar. Şeýle ajaýyp günlerimizde birinji synpa gadam basýan okuwçylara hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly gowşuryldy.
Garaşsyz hem hemişelik Bitarap Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, döwrebap kitaphanalar gurulýar we kämil tehniki enjamlar, kompýuterler we kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Ynha, 1-nji sentýabrda ýurdumyzyň dürli künjeginde çagalar bagy we orta mekdepler açylyp ulanmaga berildi. Täze açylyp ulanmaga berlen bilim ojaklarynda iň döwrebap şertler, kompýuterler, multimedia enjamlary we beýleki döwrebap mümkinçilikler bar. Bu bilim ojaklary okatmagyň iň kämil usullarynyň durmuşa geçirilýändigini, bilim öwretmekde ähli şertleriň döredilýändigini beýan edýär. Umumy orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde okuw dersleriniň mazmunynyň giňeldilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi.
Hawa, Bilimler we talyp ýaşlar gününiň baýramçylygy uly şatlyk-şowhuna beslenip, üstünlikli geçirildi. Ýurdumyzda ähli çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim edaralary täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen gapylaryny giňden açdy. Mälim bolşy ýaly, şol güni 1-nji synpa okuwa barýan körpeleriň ählisine hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan döwrebap kompýuterler sowgat berildi. Bu bitirilýän beýik işleriň döwletiň, jemgyýetiň, halkyň ösüşinde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginde, aýratyn hem ýaş nesliň aň-bilim derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ähmiýeti bardyr. Bilim ulgamyndaky bitirilen beýik işler her bir ildeşimiziň syýasy, ykdysady, durmuş we ruhy taýdan sagdyn düşünjä eýe bolmagyna, döredijilikli zähmet çekmegine, hünär ussatlygyna şert döredýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda toýlary toýa, baýramlary baýrama ulaşýan ata Watanymyzda iň döwrebap okuw usullary ornaşdyrylan, häzirki zamanyň tehniki enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdeplerinde bilimdir terbiýe alýan ýaşlar özlerini juda bagtyýar duýýarlar. Ähli derslerden gowy okamak, köpçülik işlerine, sport çärelerine işjeň gatnaşmak bilen özleri baradaky durmuşa geçirilýän işlere mynasyp jogap berýärler. Ýurdumyzda hem-de halkara derejesindäki geçirilýän dürli dersler boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, ýokary orunlara mynasyp bolup, öz zehin başarnyklaryny görkezýärler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän netijeli özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň şaýolunda möhüm tapgyr boldy. Bilim ulgamynda esasy maksatlar we wezipeler, onuň ösüşinde ileri tutulýan ugurlar üstünlikli özleşdirildi. Bu döwürde bilim we ýokary tehnologiýalar boýunça halkara hyzmatdaşlygyna hem kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda bilim ulgamy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine göterilýär, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, bu ugurda düýpli özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden peýdalanylýar. Munuň özi jemgyýetimizde kämil nesilleriň kemala gelýändigini beýan edýär.
Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary, hünär saýlamaklary, döwrebap bilim almaklary, dünýägaraýşyny giňeltmekleri üçin ähli şertler bar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda türkmen ýaşlarynyň öz ýürek arzuwlaryna, köňül maksatlaryna ýetmegi üçin döredilen ähli amatlyklar ýaş nesilleri belent maksatlara ruhlandyrýar. Bu günki gün türkmenistanly okuwçylar we talyplar halkara ders, taslama we internet bäsleşiklerine-de işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagyň hötdesinden gelýärler. Şeýle üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy üçin edýän bimöçber tagallalarynyň saýasynda amala aşyrylýan beýik işlerdir. Ýaş nesliň bilim öwrenmegine giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!