Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Giriş synaglary tamamlandy

Giriş synaglary tamamlandy

21 Awgust, 2026 Makalalar
39

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary guramaçylykly we adalatly geçirilip, olara jemgyýetçilik gözegçiligi ýola goýuldy. Ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlar kabul edildi. Olar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda talyp bolup, bilimler dünýäsinde täze basgançaga gadam goýdular.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 10-njy iýulda gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Kabul ediş synaglaryny geçirmek boýunça ähli guramaçylyk işleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tarapyndan 2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda tassyklanan 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin resminama tabşyran dalaşgärler bilen giriş synaglaryny guramagyň we geçirmegiň Tertibi esasynda alnyp baryldy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde test görnüşinde geçirildi. Synaglarda dalaşgärleriň zehininiň, bilim derejesiniň, gözýetiminiň we saýlan hünäri boýunça döredijilik ukybynyň ýüze çykarylyşyna gözegçilik edildi. Talyp bolan zehinli ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň ýeňijileri hem-de ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet tejribesini toplanlar, döwletimiziň howandarlygyndakylar hem bar. Ýurdumyzda her ýyl okuwa kabul edilýän ýaşlaryň sanynyň artdyrylmagy we olaryň arasynda «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen kadalara görä, döwlet hünär bilimi edaralaryna kabul edilende artykmaç hukuklardan peýdalanýanlaryň, Türkmenistanyň umumybilim edaralarynyň altyn, kümüş, bürünç medallar bilen sylaglanan uçurymlarynyň, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalarynyň, çempionlaryň we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň bolmagy hormatly Prezidentimiziň kämil bilim syýasatynyň miweleridir.

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwaty, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygy nazara alnyp, şu ýyl hünärmen maksatnamasy boýunça 10 hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 4, magistr maksatnamasy boýunça 6 taýýarlygyň ugry açyldy hem-de olara ilkinji talyplardyr magistrantlar okuwa kabul edildi. Täze okuw ýylyndan «Geljegiň hünärleriniň atlasyna» girizilen hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamaga-da girişilýär. Umuman, ýaşlaryň 18 müňden gowragy ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada 28 — 31-nji iýul aralygynda geçirildi. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guralýar, ýagny häzirki wagtda orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär.

Talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýärler.

(Ýörite habarçymyz).

Salgylanma: