Hytaýda dilçi mugallymlar üçin halkara hünär kämillik okuwlary guralýar. Munuň özi hytaý dili boýunça Merkezi Aziýanyň bilim wekillerini bir ýere jemledi. Bu özara tejribe alyşmasy diňe bir hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, täze asyryň bilim standartlaryny kesgitlemekde uly ädimdir. Hytaýyň döwrebap tejribesiniň görkezişi ýaly, mugallymçylyk bilimini kämilleşdirmek diňe bir köne usullary gaýtalamak bolman, eýsem, sanly ulgam tehnologiýalary we usulyýet (interaktiw tagtalar, ýörite dil platformalary) arkaly okatmagy ornaşdyrmakdyr. Mugallym hemişe öwrenmeli hünärmendir. Ol ömürboýy okaýan hem öwrenýän ynsandyr.
Dil kämilligi we halkara hyzmatdaşlyk
Ata-babalarymyzyň ylym-bilim baradaky gymmatly nesihatlary ynsanyň jahanyň haýsy künjeginde we haýsy döwürde bolanda-da kämilleşmäge bolan ymtylyşy ündeýär. Häzirki wagtda bolsa çalt ösýän dünýä her bir hünärmenden döwür bilen aýakdaş gitmegi talap edýär. Mugallymçylyk bilimini kämilleşdirmek, hünär derejesini ýokarlandyrmak, esasan hem, dilçilik ugrundaky hünärmenleriň işjeňligine örän uly we oňyn täsir edýär. Halkara hyzmatdaşlygyny işjeň saklamakda öz kärini kämil bilýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri ýetişdirmek uly ähmiýete eýedir. Häzirki ýaş mugallymlaryň öňünde duran baş maksat — bu üznüksiz kämillige ymtylmakdyr. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramaçylykly goldamagynda ýaş hünärmenleriň Hytaýa guralan bu sapary ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanýan täze sepgitleriniň aýdyň şöhlelenmesi boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy bilen ýola goýlan bilim özgertmeleri, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli ösdürilýär. döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar, ylym we bilim baradaky beýik işleri munuň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzda alnyp barylýan bu öňdebaryjy syýasatyň janly şaýatlary bolmak bagty nesip edýän ýaş hünärmenleriň sany gün-günden artýar. Hünär kämilligini hemişe ýokarda saklamak maksady bilen, ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň iň abraýly bilim ojaklaryna yzygiderli ugradylýar. Bu ugurda dostlukly Hytaý döwletine ýylyň-ýylyna guralýan saparlar aýratyn orna eýedir. Şu gezekki türkmen wekiliýetiniň Merkezi Aziýa ýurtlaryny bir ýerde jemlän Pekiniň okuw maslahatyna gatnaşmagy bu aýdylanlara anyk şaýatlyk edýär.
Şeýle işjeň halkara gatnaşyklaryň nobatdaky aýdyň mysaly hökmünde şu ýylyň 16-njy iýunyndan 6-njy iýuly aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň abraýly Pekin hytaý dili we medeniýeti okuw mekdebinde «Merkezi Aziýa ýurtlary üçin hytaý dilini öwretmek» boýunça ýokary derejeli okuw maslahatyň guralandygyny bellemek bolar. Bu sebitara çäre Merkezi Aziýanyň doganlyk döwletlerinden — Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan we Täjigistandan gelen dilçi kärdeşleri we abraýly alymlary bir ýere jemledi.
Tejribeli mugallymlaryň sapak okatmak usullary
Her bir bilim ojagynyň berekedi we gadyr-gymmaty onuň mugallymlaryndadyr. Kollej daşary ýurtly talyplar bilen işlemegiň uly tejribesini toplan tejribeli mugallymlar düzümine tüýs ýürekden buýsanýar. Işinde tutanýerli zähmet çekýän mugallymlaryň ylmy we halkara görkezijileri dünýäniň iň öňdebaryjy uniwersitetleri bilen bäsleşip biljek derejededir, ýagny ylmy dereje boýunça mugallymlaryň 90 göterimi magistr derejesini ýa-da has ýokary (ylymlaryň kandidaty, professor) ylmy derejäni eýeleýärler. Halkara tejribe: professor-mugallymlaryň takmynan 20 göterimi daşary ýurtlaryň bilim ojaklarynda azyndan bir ýyl işlemek boýunça uly tejribä eýedir.
Şol sanda mugallymlaryň agramly bölegi dünýä belli abraýly uniwersitetleriň uçurymlary ýa-da halkara ylymlar dünýäsiniň iň görnükli alymlarynyň şägirtleri bolup durýarlar. Şonuň üçin hem olar hytaý dilini halkara derejesinde dünýä halklaryna öwretmekde hemişe iň ýokary ylmy üstünlikleri gazanýarlar. Okuw maslahatynyň çäklerinde sapak berýän hytaýly 30-a golaý professor-mugallymlaryň her bir akademiki sagady maglumat bermek däl, eýsem, janly pedagogikanyň nusgalyk mekdebidir. Olaryň sapak geçiş aýratynlyklary we tejribeleri ýaş hünärmenlerimizde uly täsir galdyrdy.
Mugallymlar, esasan, nazaryýeti, amalyýeti we grammatikany, iýeroglifleri ýat tutmagyň aýratynlygyny interaktiw we sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly sapak geçýärler. Sapaklarda biz diňe diňleýji bolman, taslamalaryň we dialoglaryň işjeň gatnaşyjysyna öwrüldik. Aýratyn talaplara çuňňur düşünmekde tejribeli mugallymlar daşary ýurtly diňleýjileriň dil öwrenmekde duş gelip biljek psihologik bökdençlikleri we milli aýratynlyklaryny öňünden bilip, her birimize özboluşly çemeleşdiler. Sapaklar ýokary ruhubelentlikde geçildi. Mugallymlar her sapagy hytaý medeniýetiniň, däp-dessurlarynyň we taryhynyň täsirli pursatlary bilen baýlaşdyrdylar. Bu bolsa diňleýjileriň dili has çuň we ruhy taýdan kabul etmegine ýardam etdi.
Okuw maslahatynyň çäklerinde sapak berýän hytaýly professor-mugallymlaryň her bir akademiki sagady diňe maglumat bermek däl, eýsem, uly durmuş we halkara tejribesini paýlaşýan janly mekdep boldy.