Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Mekdep bazarlarynda söwda gyzyşýar

Mekdep bazarlarynda söwda gyzyşýar

19 Awgust, 2026 Makalalar
59

Bazar — şüweleňli mekan. Islendik bazaryň hem şüweleňi ýetik welin, Täze ýyl baýramynyň ýa-da täze okuw ýylynyň öň ýanynda olarda gyzgalaňly söwda has artýar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda, has dogrusy, awgust aýynda ýurdumyzyň çar künjegindäki söwda nokatlarynda mekdep bazarlarynyň işi ýola goýuldy.

Mekdep bazarlarynda okuw esbaplarydyr beýleki dürli harytlary, şol sanda okuwçy lybaslaryny, kagyzdyr galam, ýazuw, surat, çyzuw depderleri, kitapdyr depderdaşylar, çyzgyç, bozguç, sirkul, ýantorba, sport geýimleridir aýakgaplary ýaly köp görnüşli önümleri synlap, olaryň bolçulygyna guwanýarsyň. Bahasy amatly, hili ýokary bu önümleriň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly däl. Şoňa görä-de, hemmesi-de gerekli mekdep harytlaryna bolan islegler diňe artmak bilen.

Alyjylara hödürlenilýän okuwçy lybaslarynyň ýokary hilli gönden, matalardan tikilen, ekologiýa taýdan arassa aýakgaplardyr geýim-gejimler bolmagy her bir müşderini kanagatlandyrýar. Olaryň öz ýurdumyzyň döwlet we hususy eýeçilige degişli kärhanalarynda öndürilen döwrebap önümlerdigi aýratyn bellärliklidir. Meselem, «Gerçek» hususy kärhanasynda öndürilen, mekdep okuwçylaryna niýetlenen köwüşler, torbalar, sport aýakgaplary, «Röwşen» hususy kärhanasynyň bazara çykaran, arassa gönden tikilen aýakgaplary, bilguşaklary, «Ýeňiş» tikin fabriginiň erkek adamlara, şol sanda ýaş oglanlara niýetläp, nah matadan taýýarlan göze gelüwli, owadan biçüwli köýnekleri alyjylaryň — mekdep okuwçylarydyr olaryň ene-atalarynyň ösen isleglerini doly kanagatlandyrýar. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalarda öndürilen matalardan taýýarlanan, okuwçy gyzlar üçin niýetlenen mekdep lybaslary, sport geýimleri hem uly höwes bilen satyn alynýar.

Şeýle şüweleňli söwdalar welaýatyň diňe bir Mary, Baýramaly şäherlerinde däl, ähli etrap merkezlerinde guralan mekdep bazarlarynda-da gyzgalaňly dowam edýär. Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän günlerde giňden ýaýbaňlandyrylan bazarlara baryp, eden söwdasyndan göwni hoşal bolup gaýdýan mekdep okuwçylary-da, talyplar-da, olaryň ene-atalary, hossarlary-da ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk, döwrebap bilim almaklary, Watanymyza, halkymyza gerekli kämil hünärmenler bolup ýetişmegi, sport bilen meşgullanyp, saglygyny berkitmegi babatda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarlar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.

Salgylanma: