Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
«Ýaşyl ýaýladaky» ruhubelentlik

«Ýaşyl ýaýladaky» ruhubelentlik

8 Iýul, 2026 Makalalar
52

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde ýaş nesliň şadyýan gülki sesleri has joşgunly ýaňlanýar. Merkezde dynç alyş möwsüminiň häzirki dowam edýän ikinji tapgyrynda welaýatyň dürli etraplaryndan gelen mekdep okuwçylarynyň 300-si saglygyny berkidip, wagtyny ruhubelentlikde geçirýär.

Ýurdumyzyň bagtly çagalygyň we ýaş nesliň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrülendigine gürrüňi edilýän merkezde mekdep okuwçylary üçin döredilen amatly şertlerdir giň mümkinçilikleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirip bolýar. Ýokary derejede enjamlaşdyrylan döredijilik we gurnak otaglary, kompýuter otagy, kitaphana, aýdym-saz merkezi hem-de beýleki degişli otaglardyr sport we oýun meýdançalary çagalar üçin niýetlenendir. Olar özleri üçin döredilen şol ajaýyplyklardan netijeli peýdalanýarlar, ýörite meýilnama esasynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar.

Merkeziň terbiýeçi-guramaçysy Derýa Berdiýewiň gürrüň berşi ýaly, merkezde hepdäniň bir güni çeper döredijilik güni hökmünde geçirilýär. Şol gün «Biz zehinleri gözleýäris» ady bilen aýdym-saz, drama, çeper okaýyş, folklor, tans çykyşlary, bäsleşikler geçirilýär, şekillendiriş sungaty we surat çekmek boýunça şahsy we toparlaýyn sergiler, tanymal döredijilik işgärleri bilen halypalyk duşuşyklary we pikir alyşmalar guralýar. Taryhy we ülkäni öwreniş gününde etrabyň çägindäki taryhy ýadygärliklere syýahat edilýär we syýahat edilen ýerler barada surat çekmek, döredijilik çykyşlaryny taýýarlamak, diwar gazetlerini çykarmak, şeýle-de türkmen halkynyň milli medeni mirasy boýunça bäsleşikler geçirilýär. Hepdäniň dowamynda bellenilýän ekologiýa gününiň çäginde «Watanymyzyň tebigaty» ady bilen ekologik häsiýetli gezelençler, bäsleşikler, söhbetdeşlikler, köpçülikleýin çekişmeler guralýar, diwar gazetleri çykarylýar.

Kitapsöýüjiler güni hem çagalarda uly gyzyklanma döredýär. Şol gün merkezde dynç alýan çagalar üçin kitaphanalaryň göçme sergileri, şeýle-de türkmen we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserler, tanymal ýazyjylar we şahyrlar barada okyjylaryň arasynda edebi çekişmeler guralýar. Şonuň çäginde «Iň köp eser okan çaga», «Kitaplaryň dosty» ady bilen guralýan bäsleşikler uly ruhubelentlige beslenýär. Sport we saglyk güni hökmünde bellenilýän günde çagalaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, hereketli oýunlar, tanymal türgenler bilen duşuşyklar, sport-görkezme çykyşlary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýän çäreler guralýar. Bu bolsa ýaş nesliň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini dabaralandyrmakda, olaryň sporta bolan höwesini artdyrmakda we sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Hepdäniň ahyrynda merkezde dynç alýan çagalaryň gyzyklanmalary boýunça gurnaklarda taýýarlanan işleriň sergileri, dürli çykyşlar guralýar, şeýle-de «Hepdäniň iň işjeň topary» kesgitlenýär. Bulardan başga-da, jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli gulluklaryň meýilnamasy esasynda çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri, ýangyn howpsuzlygynyň kadalary, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda özüňi alyp barmagyň düzgünleri boýunça wagyz-nesihat häsiýetli çäreler, tejribe okuwlary we toparlaýyn bäsleşikler geçirilýär. Munuň özi ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.