Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleri bilen birlikde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere terbiýe-sowat öwretmekde döwrebap we öňdebaryjy tejribelere daýanylýar. Halypalaryň maslahatlary, ökde hünärmenlerden okatmagyň işjeň usullary öwrenilýär, tejribeler alşylýar we ýaýradylýar. Bilim işgärleriniň her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän usuly-amaly okuwlarynda diňlenilýän çykyşlar, öwrenilýän iş tejribeleri ýaş hünärmenler üçin örän ähmiýetli usuly ýardam bolup durýar.
Türkmenbaşy şäherindäki 14-nji orta mekdepde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at bilen geçirilen usuly-amaly okuwlara şäheriň çägindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri, terbiýeçi-usulyýetçileri, şepagat uýalary we müdirler işjeň gatnaşdylar. Şäher bilim bölümine degişli mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 32-si degişli bolup, olaryň 3-si daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilendir.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň usuly-amaly okuwlarynda bellenen temalar boýunça täsirli çykyşlara uly orun berildi. Sowat öwretmek, sözleýşi ösdürmek, daşary ýurt dilleri sapaklarynda terbiýeçi mugallymlar nakyllary yzygiderli peýdalanmak arkaly çagalarda türkmen halkynyň akyl-parasada ýugrulan atalar sözi, nakyllar barada ilkinji düşünjeleri döredip bilerler. Olar sapakda çagalaryň aňynda galjak nakyllaryň manysyny düşündirmäge çalyşmaly. Şeýle hem nakyllar çaganyň edepli, adamkärçilikli, zähmetsöýer bolup ýetişmegine uly ýardam edýär. Şunda «Paýhas çeşmesi» kitabyndan peýdalanmak has-da ýerlikli bolar.
Çagalara terbiýe bermekde halk döredijiliginiň giňden ýaýran, hemmeler tarapyndan köp okalýan görnüşi bolan ertekileriň örän uly ähmiýeti bar. Çaganyň hemişe erteki diňlemäge, onuň gahrymanlary barada pikir ýöretmäge, olara öýkünmäge höwesi güýçli bolýar. Dilden-dile geçip, şu günlerimize gelip ýeten «Akpamyk», «Ýartygulak», «Aldanan möjek», «Böwenjik» ýaly meşhur türkmen halk ertekileriniň üsti bilen körpelerde dogruçyllyk, agzybirlik, ene-ata söýgi, ulyny sylamak, kiçini söýmek, dosta wepalylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler terbiýelenýär.
Ýurdumyzda ýaş nesle bilim-terbiýe bermek maşgaladan başlap, çagalar baglarynda dowam edýär. Şunda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerine möhüm orun degişlidir, çünki çaganyň irki ösüşiniň kadaly ýagdaýda geçmegi onuň geljekde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeginde täsiri uludyr. Şonuň üçin çagalaryň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň kadaly ýagdaýyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilmelidir.