Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

15 Iýul, 2026 Makalalar
77

 VI. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ  TERBIÝEÇI-USULYÝETÇILERI ÜÇIN:

1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) we döwlet bilim standartynyň talaplaryna we bilim özgertmelerine degişli kabul edilen beýleki hukuk namalara laýyklykda, ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyk milli ruhda terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň ýollary.

2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri amal etmekde terbiýeçi-usulyýetçileriň öňünde durýan wezipeler.

3. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde, körpeleri milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanmadyr.

4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerinde çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen innowasion pedagogik tehnologiýalary peýdalanmagyň ýollary.

5. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» eseriniň mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş nesle watansöýüjilik terbiýesini bermekdäki we halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döwrebap ýola goýmakdaky orny we ähmiýeti.

6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän usuly sagatlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary.

7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini we pedagogik ussatlygyny öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda ýokarlandyrmagyň usullary.

8. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny (inklýuziw bilim) nazara alyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary.

9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini öňdebaryjy dünýä iş tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň usullary.

10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagyň ýollary.

 11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň resmi iş kagyzlaryny bildirilýän talaplara laýyk derejede ýöretmegiň usullary.

12. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynda okuw-terbiýeçilik işlerini öňdebaryjy milli we dünýä tejribesiniň gazananlaryna laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary.