Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýär. Gazanylan hem gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn röwşenlik nuruny çaýyp, agzybir halkymyzyň şu gününe buýsanjyny, ýagty ertirimize ynamyny artdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Watana söýgi — halka söýgi. Bu ýöne bir döräýen jümle däl. Watanyň öý-ojakdygyny, ýaşaýan, okaýan, işleýän ýeriňdäki adamlardygyny durmuşyň özi görkezýär. Halkyň jebisligi, adamlaryň özara ynamy kemala gelip, umumy maksadyň hatyrasyna beýik işler amala aşyrylýar. Hiç bir zada tötänlik diýip bolmaýar. Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär» diýip belleýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde diňe bir paýtagtymyzyň kitaphanalary däl, eýsem, ähli welaýatlarymyzyň kitaphanalary-da ösen döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. Ak mermerli binalarda ýerleşýän kitaphanalarda kitaplaryň talabalaýyk saklanmagy, okyjylaryň ylym öwrenmekleri üçin ähli amatly şertler döredilendir. Kitaphanalarda ornaşdyrylan döwrüň iň kämil innowasion enjamlary bolsa gerekli kitaby ýurdumyzyň islendik kitaphanasyndan elektron görnüşde sargyt edip almaga mümkinçilik berýär.
Kitabyň gymmaty, durmuşdaky tutýan orny hakynda akyldarlaryň, alymlaryň parasatly sözleri bar. Şol parasatly sözlerde kitabyň nesil terbiýesinde hem-de ynsanyň kämilligi üçin uly hazynadygy beýan edilýär. Kitap okamak ynsanyň pikirlenişini kämilleşdirýär. Şonuň üçin ýaş nesillere kitap okamagy öwretmek, olaryň gündelik durmuşynda kada bolmagyny gazanmak terbiýe bilen berk baglanyşyklydyr. Aýratyn hem, nesil terbiýesinde kitaplaryň, nakyllaryň orny uludyr. Ata-babalarymyz paýhasly sözleri beýan etmek bilen ýaşlaryň kämil ylymly-bilimli bolmaklaryny gazanypdyrlar.
Bäş müňýyllyk taryhly türkmen ynsan ruhunyň iň ýokary mukaddesligi bolan kitaby ömrüniň müdimilik hemrasy edinipdir. Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» atly hekaýasynda Welmyrat aganyň maşgalanyň ýeke-täk eklenç çeşmesi bolan düýesini akyldar şahyr Magtymgulynyň şygyrlary jemlenen kitaba çalşyp gelmeginiň özi halkymyzyň kitaba, söze goýýan sarpasyny tassyklaýan aýdyň subutnamadyr.