Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Il-ýurt bäh­bit­li iş­ler

Il-ýurt bäh­bit­li iş­ler

31 Awgust, 2026 Makalalar
22

Hal­ky­my­zyň her bir işi ge­ňeş­li et­mek ýö­rel­ge­si dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny be­ýan edip, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­ýär. Sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy oňyn çöz­güt­ler ila­tyň giň gat­lak­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ryn­da, aý­ra­tyn-da, ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri bi­len mas­la­hat­la­şy­lyp çö­zü­lip­dir. Pe­der­le­ri­miz­den do­wam edip gel­ýän, ag­zy­bir­li­gi, pa­ra­hat­çy­ly­gy, je­bis­li­gi, asu­da­ly­gy ün­de­ýän ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze eýe­ri­lip­dir.

Her ýyl­da ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si bu gün ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy­nyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň me­se­le­le­ri­ni üs­tün­lik­li çöz­mek­de ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de döw­let dur­mu­şy­na de­giş­li mö­hüm ugur­lar mas­la­hat­la­şyl­ýar. Ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mö­hüm we­zi­pe­le­ri, mun­dan beý­läk­ki ösüş­le­ri­mi­ze ba­dal­ga ber­jek iş­ler esa­sy ugur­lar bo­lup dur­ýar.

Şeý­le­lik­de, bu mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy wa­ka Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan dur­muş-yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyň da­ba­ra­lan­ma­gyn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Hez­ret TO­GA­LA­KOW,
Be­re­ket et­ra­byn­da­ky 20-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.