Hünär saýlawy ynsanyň durmuş ýolundaky ykbal kesgitleýji pursatdyr. Şoňa görä-de, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň geljekki hünärini oýlanyşykly saýlap bilmek başarnygynyň emele getirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şu günler ýurdumyzyň orta mekdeplerini tamamlan uçurymlarynyň hem-de hünär bilimini almaga isleg bildirýän raýatlarynyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyrmak möwsümi dowam edýär. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, milli terbiýe ulgamyna ýüzlenenimizde, hünärli bolmagyň, belli bir işiň düýbüni tutup, şol ugurda zähmet çekmegiň iň mertebeli, iň asylly gymmatlyk hökmünde ykrar edilýändigine göz ýetirýäris. Çünki hünär saýlamak islendik adamyň ýaşlyk döwründe öz geljegi üçin berýän iň jogapkärli kararydyr.
Irki döwürlerden bäri hünärli bolmak şahsyýetiň ahlak gözelliginiň ölçegi hasaplanypdyr. Emewiler halypasy Mugawyýa öz döwrüniň dana şahsyýetleriniň biri hasaplanan Sagyt ibn Asdan: «Halal, dogruçyl adam nähili bolmaly?» diýip soranda, ol: «Adam kesp-kärli, hünärli we ile göreldeli bolmalydyr» diýip jogap beripdir. Orta asyr Gündogar pelsepesinde-de hünärli bolmak iň uly durmuşy we ruhy baýlyk hökmünde ykrar edilipdir. Beýik akyldar Mahmyt Zamahşarynyň: «Eli hünärli adam baýdyr» diýen jümlesi häzirki zaman ykdysadyýetindäki «adam maýasy» diýen düşünjäniň taryhy esaslaryny özünde jemleýär. Sebäbi horezmli akyldaryň bu pelsepewi garaýşy hünäre ugrukdyrmagyň netijesinde gazanylan anyk bilimleriň, başarnyklaryň we zerur endikleriň adamyň durmuşy üçin iň ygtybarly hem-de durnukly maýa goýumdygyny görkezýär. Bular barada oýlananyňda, Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndaky: «Men entek mekdep partasynda otyrka, okuwçylaryň hünär saýlamak meselesine üns berilmeginiň, olaryň belli bir hünäri saýlamagyny gazanmagyň tarapdary» diýen jümleleri hakydaňa dolýar.
Ýaşlary hünäre ugrukdyrmak işi diňe bir zerur hünär bilimlerini öwretmek bilen çäklenmeýär. Ol, esasan, şahsyýeti öz saýlan ugrunda geljekde ýokary ussatlyga, kämillige ýetirmegi esasy maksat edinýär. Mahmyt Zamahşarynyň: «Senetkärler köpdür, ýöne ussatlar azdyr» diýen pelsepewi jümlesi bu meselä orta asyrlarda-da örän düýpli çemeleşilendigini äşgär edýär. Akyldaryň bu garaýşy häzirki zaman pedagogikasynyň, şol sanda zähmet bazarynyň milli nusgasyndaky «kämillik», «bäsdeşlige ukyplylyk» ýörelgelerine doly gabat gelýär. Zamahşarynyň pikiriçe, belli bir käriň eýesi bolan hünärmen öz ukybyna we zehinine laýyk gelýän hünärde döredijilikli işläp, öz işiniň hakyky ussady bolup ýetişmelidir.
Hormatly Prezidentimiz: «Geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyzyň öz tebigy ukyplaryna we zehinlerine görä hünär saýlamagynyň zerurlygy barada durup geçenimizde, Gündogaryň beýik danasy Mahmyt Zamahşarynyň ömür we ylym ýoly bilen baglanyşykly maglumatlara salgylanmak diýseň gyzyklydyr.
Taryhy maglumatlara görä, akyldaryň kakasy Omar ibn Ahmet, ilki bilen, ogluna başlangyç bilimleri özi öwredip, soňra ony Zamahşardaky beýleki alymlaryň ýanyna ugrukdyrypdyr. Şunda pedagogik taýdan ünsi çekiji pursat bar: Omar ibn Ahmediň ata hökmünde oglunyň fiziki aýratynlygyny, saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, onuň geljekki durmuş şertlerini ykdysady hem-de jemgyýetçilik taýdan dogry meýilleşdirmäge synanyşmagydyr. Çünki ýaş Mahmydyň aýaklarynyň biri şikesli bolup, ol fiziki taýdan agyr işde zähmet çekip bilmejekdi. Şoňa görä-de, kakasy ony tikinçiniň ýanyna şägirtlige bermek meýlini orta atypdyr. Emma geljekki akyldaryň ylym öwrenmäge bolan çäksiz höwesi atanyň hünäre ugrukdyryşyny has netijeli görnüşde üýtgetmegine, ýagny ony Gürgençdäki (häzirki Köneürgençdäki) medreseleriň birine okuwa bermegine getirýär. Bu bolsa milli pedagogikanyň taryhynda daşarky şertler bilen bir hatarda, hünäre ugrukdyrylýan şahsyýetiň içki höwesiniň, ruhy dünýäsiniň esasy şert hökmünde göz öňünde tutulandygyny görkezýär. Bu ýagdaý häzirki zaman pedagogikasyndaky «inklýuziw bilim», «inklýuziw meýilleşdirme» düşünjelerine diýseň golaý gelýär. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde hem ýurdumyzda inklýuziw bilim berlişini ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly ýagdaýlara aýratyn üns çekilýär.
Ýaşlaryň ukybyna görä hünär saýlamagy we hünär etikasyny kemala getirmegi baradaky mesele boýunça Keý Kowsuň meşhur «Kowusnama» eseri gymmatly pedagogik çeşmedir. Akyldar ýaşlaryň tebigy meýillerini anyklamagyň we olary dogry ugra gönükdirmegiň döwlet hem-de jemgyýet üçin ähmiýetini pelsepewi taýdan esaslandyrýar. Keý Kowus islendik hünär öwrenilmezden öň, ilki bilen, şol senede bolan höwesiň we tebigy ukybyň barlygyny anyklamagy maslahat berýär. Ol zehinsiz ýa-da islegsiz öwredilen hünäriň netijesiz boljakdygyny nygtaýar. Eserde lukman, söwdagär, hatdat, binagär ýaly dürli ugurly hünärleriň onlarçasynyň şertleri aýratyn baplarda seljerilýär. Akyldar haýsy kär saýlanyp alynsa-da, şol işiň inçeliklerini doly özleşdirmegi we öz käriňe wepaly bolmagy ündeýär. Ol ýaşlara ýüzlenip: «... hünäriňi kämil öwren, tä kämil bolýançaň, şol hünär bilen meşgullan» diýen ýörelgäni öňe sürýär. Görnüşi ýaly, «Kowusnama» eseri orta asyrlarda hünäre ugrukdyrmak işiniň ýönekeý bir durmuşy zerurlykdan ýokarda durýan, anyk ylmy-pedagogik ulgama hem-de şahsyýeti tanamagyň inçe usullaryna esaslanandygyny açyp görkezýän gollanmadyr.
Şahsyýetiň tebigy ukyplarynyň wagtynda duýulmagynda we belli bir hünäre ugrukdyrylmagynda ilkinji mugallymyň, halypaçylyk mekdebiniň orny uludyr. Munuň aýdyň nusgasy hökmünde Abu Reýhan Birunynyň kämil şahsyýet bolup kemala gelmegi ugrunda aýratyn yhlas eden ilkinji mugallymy Ibn Yragyň bitiren hyzmatlaryny görkezmek bolar. Ibn Yrak Gündogar galkynyşy döwründe matematik we astronom hökmünde tanalan, «ikinji Ptolomeý» diýen hormatly adyň eýesi bolan alymdyr. Ol Horezmde hökümdarlyk eden Yrakylar atly dolandyryjy nesilşalykdan bolupdyr. Ibn Yrak heniz çagalyk döwründe Biruna hossar çykypdyr. Deň-duşlaryndan bilesigelijiligi bilen tapawutlanýan Birunynyň ukyp-başarnygyny, zehinini tebigy we takyk bilimleri öwrenmeklige ugrukdyrypdyr. Ibn Yrak geometriýa, trigonometriýa, astronomiýa degişli eserleriniň birnäçesini zehinli şägirdi Birunynyň hormatyna bagyşlapdyr. Halypa öz şägirdiniň beren soraglaryna, meselelerine jogap hökmünde bu eserleri ýazypdyr, şonuň esasynda hem hünär we döredijilik erkinliginiň türkmen taryhyndaky iň kämil mekdebi gurmagy başarypdyr.
Hünär saýlamak meselesiniň möhüm ähmiýetine çuňňur düşünen ata-babalarymyz taryhyň ähli döwürlerinde-de ýaş nesilleri hünäre ugrukdyrmagy, zehinli şahsyýetleri ýüze çykarmagy hem-de olary halk bähbitli işlere çekmegi döwletliligiň esasy sütünleriniň biri hökmünde kesgitläpdirler. Taryha nazar aýlasak, Mamunylar, Beýik Seljuklar we Anuşteginler nesilşalyklarynyň hökümdarlygy döwründe ylym-hünär ojaklary, medreseler hem-de akademiýalar döwlet hemaýatkärliginde bolupdyr. Bu ýörelge zehinli ýaşlary ýetişdirmek ugrunyň ulgamlaýyn we döwlet derejeli çäreler esasynda durmuşa geçirilmegine ýardam edipdir. Munuň aýdyň subutnamasyny Mamunylar nesilşalygyndan bolan horezmşalaryň dolandyryş ulgamynda we şol döwürde kemala gelen meşhur ylmy jemgyýetiň — Gürgençdäki «Ylymlar öýüniň» («Mamunyň akademiýasynyň») mysalynda görmek bolýar. Gürgenç şäheriniň «Ylymlar öýi» milli we dini aýratynlyklara garamazdan, alymlary bir ýere jemläp, olaryň ylmy iş bilen meşgullanmagyna howandarlyk eden nusgalyk merkezdir.
Görnüşi ýaly, milli terbiýe mekdebiniň ýörelgeleri häzirki zaman ýaşlarynyň hünär saýlamak we özbaşdak durmuş ýoluny kesgitlemek işinde iň ygtybarly ýolgörkezijidir. Diýmek, häzirki wagtda taryhy tejribäni we kämil innowasiýalary utgaşdyryp, ýaşlarymyzy hünär saýlamaga ugrukdyrmak, olary öz hünäriniň hakyky ussatlary edip ýetişdirmek biz — pedagogik işgärleriň mukaddes borjumyzdyr. Çünki döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, yhlasly okamak, hünär öwrenmek, halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanyp, Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.