Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Zehin. Innowasiýa. Ösüş

Zehin. Innowasiýa. Ösüş

12 Iýun, 2026 Makalalar
57

Ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giň gerimli çäreleriň hepdeligi ýaýbaňlandyryldy. 10-11-nji iýunda utgaşykly görnüşde geçirilen «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat hem şolaryň biri boldy.

Maslahatyň çäklerinde türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyrýan gymmatlyklaryň sergisi-de guraldy. Daşary ýurtly myhmanlaryň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen innowasion tehnologiýalar bäsleşigine gatnaşyjylaryň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň oýlap tapyşlaryna hem-de ylmy mümkinçiliklerine baha bermeklerine amatly şert döredildi. Bu işleriň köp möçberliligi, täzeçillige baýlygy şu ýyl döredilenine 10 ýyl dolýan Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň geçen gysga döwrüň içinde innowasiýalara we oýlap tapyşlara ymtylýan zehinli ýaş nesilleri höweslendirmek işine mynasyp goşant goşýan möhüm ylym-bilim merkezine öwrülendigini görkezýär.

Umumy mejlisde çykyş edenler ýurdumyzda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler. Şeýle hem olar ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň bolup geçýändigini aýratyn nygtadylar. Awstriýanyň Graz tehnologiýalar uniwersitetiniň professory Dewid Pommerenke çykyşynda häzirki zaman ylmynyň ösüş ugurlary, halkara tejribe alyşmalaryň ähmiýeti hem-de dürli ýurtlaryň alymlarynyň bilelikdäki gözlegleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, ylmy-barlag işleriniň amaly netijeleriniň giňeldilmegi hem-de ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişlige çekilmegi boýunça pikirler öňe sürüldi.

Şwesiýanyň Jönköping uniwersitetiniň gurluşyk inženerçiligi we yşyklandyryş ylymlary kafedrasynyň professory Geza Fişliň çykyşy häzirki zaman gurluşyk pudagynyň sanly özgertmeleri barada boldy. Alym binalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, serişdeleri tygşytly peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döredilen innowasion sanly platforma barada giňişleýin maglumat berdi. Professor öz çykyşynda gurluşygyň ähli tapgyrlaryny — taslamalaşdyrmakdan başlap, ulanyşa bermäge, durkuny täzelemäge we materiallary gaýtadan peýdalanmaga çenli döwürleri öz içine alýan bitewi sanly ulgamyň ähmiýetini nygtady. Onuň bellemegine görä, häzirki wagtda emeli aň, zatlaryň interneti (IoT), fiziki jisimleriň wirtual nusgasy bolan «sanly ekizler» (Digital Twin) ýaly çözgütler binalaryň işini has netijeli dolandyrmaga mümkinçilik berýär. Alym tarapyndan hödürlenen «Collaborative Digital Platform» atly taslama binanyň tehniki ýagdaýyny, energiýa sarp edilişini, içki gurşawyň hilini hem-de daşky gurşawa täsirini hakyky wagtda seljermäge şert döredýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waldorf uniwersitetiniň biologiýa bölüminiň müdiri, professor Gary Samuel Kumbs çykyşynda biolukmançylykda alnyp barylýan ylmy barlaglar barada durup geçdi. Alym Waldorf uniwersitetiniň Türkmenistan bilen bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilýändigini, bu ýokary okuw mekdebinde türkmen talyplarynyň hem bilim alýandygyny aýratyn belledi. Şeýle-de ol adamyň nesilden-nesle geçýän käbir myşsa kesellerini öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy barlaglar barada giňişleýin gürrüň berdi. Alym häzirki zaman genetikasynyň, molekulýar biologiýanyň hem-de farmakologiýanyň gazananlarynyň bu ugurda uly mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Ylmy topar tarapyndan geçirilen barlaglar dürli biologik modelleriň kömegi bilen täze derman serişdeleriniň täsirini öwrenmäge we geljekde lukmançylykda ulanylmagy mümkin bolan täze çemeleşmeleri kesgitlemäge şert döretdi.

Günbatar Awstraliýa uniwersitetiniň professory Jeýms Filip Trewelýan häzirki zaman inženerçilik çözgütleriniň dürli ýurtlarda durmuşa geçiriliş aýratynlyklaryna ünsi çekip, tehnologiýalary ornaşdyrmakda ýerli şertleriň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Professor innowasiýalaryň üstünlikli ulanylmagy üçin diňe tehniki mümkinçilikleriň däl, eýsem, jemgyýetçilik, medeni we bilim aýratynlyklarynyň hem göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Onuň pikiriçe, dünýäniň dürli künjeklerinde üstünlik gazanan tehnologik çözgütler başga bir ýerde şol bir netijäni bermek üçin degişli uýgunlaşdyrmalary talap edip biler. Munuň özi häzirki zaman ylmynda adam faktorynyň ähmiýetiniň artýandygyny görkezýär. Çykyşda ylmy-tehniki ösüşiň diňe täze enjamlaryň ýa-da tehnologiýalaryň döredilmegi bilen çäklenmän, olaryň jemgyýet tarapyndan kabul edilmegi we netijeli peýdalanylmagy bilen hem berk baglanyşyklydygy aýratyn nygtaldy.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň wekilleriniň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň hem-de daşary ýurtly alymlaryň gatnaşmagynda geçirilen ylmy-barlag we önümçilik işleri boýunça pikir alyşmalar toplanan tejribeleri özara baýlaşdyrmaga şert döretdi.

Maslahatyň çäklerinde «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tenaga milli uniwersitetiniň (Malaýziýa) arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyga»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Çanan uniwersitetiniň (Hytaý) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Şanhaý ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Hytaý) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Katar Döwletindäki Doha ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama»; «Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Türkiýe Respublikasynyň «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Munuň özi halkara ylmy-amaly maslahatyň diňe bir tejribeleri alyşmak üçin däl, eýsem, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hem möhüm çärä öwrülendigini görkezýär.

Begli ABDYKADYROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ahmet TÜRŞEKOW.