Osman Ödäýewiň türkmen taryhy barada iň şowly çykan uly göwrümli eserleriniň biri «Altynjan hatyn». Roman XI asyrda Gündogarda dabarasy dag aşan Togrul beg hem onuň ýakynlary hakynda söhbet açýar. Bu roman üç bölümden ybarat bolup, olar: «Birinji kitap: gelejek», «Ikinji kitap: heminzaman» we «Üçünji kitap: geçmiş». Bu uly üç bölüm hem öz mazmunyna laýyk sözbaşyly onlarça bölümleri öz içine alýar. Kitabyň ahyrynda «Sözsoňy» bölüminde romanda beýan edilýän wakalaryň taryhy seneleriniň getirilmegi hem aýratyn bellärliklidir.
Eserde Altynjan hatynyň çagalygyndan tä ömrüniň ahyrky ýyllaryna çenli (1017 — 1060 ý.) wakalar beýan edilýär. Kitaby okanyňda, bu zenanyň şeýle owadan, syratly bolandygy, gaýratly, dogumly, akylly-başly, hiç bir ýigitden peslär ýaly däldigi, hatda söweş tilsimlerindenem ussatlyk bilen baş çykaryp bilýän keşbi göz öňüňde janlanýar. Onuň bu häsiýetleri, ukyp-başarnyklary eserdäki dürli söweş sahnalarynda, Togrul beg bilen ilki tanşan pursady oňa pert-pert jogaplarynda, durmuş toýundaky wakalaryň barşynda hasam aýdyň ýüze çykýar. Munuň sebäbi bolsa kakasynyň Altynjany çagalygyndan edil erkek oglan ýaly dogumly edip terbiýelemeginde diýip, ynamly aýtsa bolar.
Gahrymanlaryň başdangeçirmeleri, olaryň beýik gahrymançylyklary, şeýle hem türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň bolandygy, onda merdana pederlerimiziň öçmejek yz galdyrandygy okyjyda buýsanç duýgusyny döredýär.
Romanda ýazyjynyň galam ýöredişine mahsus täzeçe filosofiki pikir öwrümler we aýtgylar, bölümleriň sözbaşylary has-da täsirli bolupdyr. Ynha, kitapda getirilýän sözbaşylardan käbirleri: «Balyň bal bolsa, siňek Bagdatdan geler»; «Sowan demir egrelmez»; «Ýakynyň ýolan sakgaly bitmez»; «Töwekgeliň aty ýyndam»; «Göz — terezi, köňül — kazy»; «Zenan ömri garaşmak»; «Ýaşlygyň ýarany — arzuw, garrylygyňky — ýatlama»; «Göz — hakykat, söz — güman».
Ine, şuňa meňzeş täsirli pikirler eseriň tutuş mazmunynda häli-şindi gabat gelýär. Ýöne olaryň ählisini bir makalanyň dowamynda beýan etmek kyn, gowusy, muny okyjylaryň özlerine goýýarys. Ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romanyny okan her bir okyjy bulara has aýdyň göz ýetirse gerek.
Eserden parçalar:
► Bozuk araba bilen uzaga gidip bolanok. Ýalan — bozuk araba, onuň bilenem uzaga gidip bolanok;
► Çünki türkmende gaýyn-guda arasynda dostluk bolmaýar, diňe sylaşyk saklanýar;
► Gorky bar ýerinde ýeňiş ýokdur. Dünýäniň eşreti gorky-ürkini bilmeýän kişileriň öňünde açylýandyr. Çünki eşret, bagt mülküniň gapysynyň sakçysy gorkudyr. Ol mülke diňe gorkusy bolmadyk kişiler goýberilýär;
► Altynjan sallançagyň iň ýokary hetde ýetip säginýän sähel salymlyk togtaýan pursadyny ejesiniň «gyz ömri» diýip atlandyryşyny ýatlaýar. Sallançagyň iň ýokary galan pursady — gyzlyk döwri;
► Adamlara ähli döwürlerde iň ýetmeýän zat özlerine mynasyp bahanyň, ünsüň berilmeýänligidir. Adamlar özlerine gowy baha berilmegine mydama teşne. Şol teşneligi gandyrýan kişiler iň gowy kişilerdir;
► Diňe erkek bilbiller saýraýandyr, mäkiýan bilbiller saýramaýar, wasp etmek, saýramak Taňry tarapyn diňe erkeklere berlendir;
► Diňe islegde çäk ýok...