Ýurdumyzda ylymly-bilimli, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekmäge ukyply, döredijilikli işlemegi başarýan, arassa ahlakly, syýasy taýdan sowatly kämil hünärmenleri taýýarlamak şu günki günde öňde durýan esasy meseleleriň biridir. Bu wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär. Degişli döwlet toparynyň düzümi tassyklanyp, okuwa kabul etmäge guramaçylyk — usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmegiň bellenen düzgüni ýola goýuldy. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti şu ýyl ilkinji gezek okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul edip başlady.
Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasaty netijesinde ýurdumyzda bilimli, giň gözýetimli, ýokary derejeli hünärmenleri kemala getirmek üçin uniwersitetimizde zähmet bazarynyň isleglerine görä, hünärleriň gerimini giňeltmek maksady bilen 2026 — 2027-nji okuw ýylynda emeli aň we ekspert ulgamlary hem-de mehatronika we robot tehnikasy taýýarlyk ugurlaryny açmak meýilleşdirildi. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde hereket edýän we täze açylmagy meýilleşdirilýän taýýarlygyň ugurlary uniwersitetiň ösüş strategiýasyna laýyklykda amala aşyrylyp, telekeçilik ugrunyň hem-de zähmet bazarynyň geljekki isleglerini kanagatlandyrmaga ukyply ýokary bilimli hünärmenleriň sanyny we hilini ylmy taýdan esaslandyrmaga şert döreder.
Geljekde emeli aň we ekspert ulgamlary hem-de mehatronika we robot tehnikasy ýaly taýýarlyk ugurlarynda bilim aljak ýaşlar bu ugry dolandyrmakda, işewürligiň talaplaryny öwrenmekde baý tejribe toplarlar. Bu taýýarlyk ugurlarynyň maksady uniwersitetde bilim we ylym bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmekden, Türkmenistanda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän hünärleri döretmekden we ösdürmekden, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmakdan we usulyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, bu ugurda innowasion usullary we ylmy okuw işlerini giňden ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam berer. Bu ugurlar bilen bagly ylmy-barlag edaralarda zähmet çekjek, iňlis dilinden oňat baş çykarýan we dünýä ülňülerine laýyk gelýän tejribeli taslamaçy, ylmy-barlagçy, guramaçy-terbiýeçi we inžener-tehnologlar taýýarlanylar.