Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna hödürlenilýän temalar

16 Iýul, 2026 Makalalar
34

XXI. TARYH, JEMGYÝETI ÖWRENIŞ,  TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE HUKUK  ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN  MUGALLYMLAR ÜÇIN:

1. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerini okatmakda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýylynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri baradaky maglumatlary okuwçylara düşündirmegiň usullary.

2. Taraplaryň deňhukuklylygy, medeni we ruhy gymmatlyklaryň dürlüligine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda Ýewraziýada ykdysady integrasiýany we hyzmatdaşlygy berkitmekde XXI asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň hem-de «Bir guşak — bir ýol» konsepsiýasynyň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usullary.

3. Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary okuwçylara öwretmegiň ýollary.

4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerini okatmakda innowasion pedagogik tejribeleri we döwrebap usullary okuw işine ornaşdyrmagyň ýollary.

5. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw dersleri boýunça taslama işlerini guramak arkaly okuwçylaryň bilimlilik işjeňligini, döredijilik ukyplaryny we tankydy pikirlenmesini ösdürmegiň usullary.

6. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde sanly serişdelerden, emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden we innowasion usullardan netijeli peýdalanmagyň ýollary.

7. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerinde dürli didaktiki serişdelerden (çyzgylardan, tablisalardan, diagrammalardan, klasterlerden) peýdalanmagyň usullary (iş tejribesinden).

8. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw derslerini okadýan mugallymlaryň hünär başarnyklaryny, pedagogik ussatlyklaryny kämilleşdirmegiň we öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmagyň usullary.

9. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde okuwçylaryň bilimlilik işjeňligini ösdürmekde dersara baglanyşygy peýdalanmagyň ähmiýeti.

10. Ýöriteleşdirilen orta mekdeplerde ynsanperwerlik-durmuş ugurly okuw derslerini çuňlaşdyryp öwretmegiň aýratynlyklary hem-de öňdebaryjy iş tejribesi.

11. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugra degişli okuw dersleriniň okuw maksatnamalarynyň mazmunyny we täze neşir edilýän okuw kitaplaryny usulyýet taýdan kämilleşdirmegiň ýollary.

12. PISA halkara baha beriş bilim maksatnamasynyň talaplaryna laýyklykda, jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde okuwçylaryň funksional sowatlylygyny kemala getirmegiň usulyýeti.