Annageldi BEKIÝEW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy:
— Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler mähriban halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzy ösdürmäge mynasyp goşandymyzy goşmaga bolan yhlasymyzy artdyrýar. Biz ajaýyp zamanada ýaşaýarys. Döredilýän giň mümkinçilikler bolsa bizi ösüşlere goşandymyzy goşmaga borçly edýär.
Biz — mugallymlar ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemegi, olara döwrebap bilim öwretmegi mukaddes borç hasaplaýarys. Biziň geljegimiz bolan ýaşlarda ata Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza, merdana halkymyza, milli medeniýetimize, asylly däp-dessurlarymyza, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine çuňňur söýgini we çäksiz wepalylygy terbiýelemegi öz öňümizde esasy maksat edip goýýarys.
Men ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy hem-de mähriban halkymyzy wasp edýän goşgularym bilen bu bäsleşikde ýeňiji boldum. Bu sylag-serpaý meni geljekde hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Bize döredijilikli işlemäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!