(oçerk)
Şol gezek pygamber ýaşyna ýetiberen adam özünden, dogrusy-ha, ýaşan ýaşyndan, ömründe bitiren işinden razy boldy. Güýzüň ortasynda Derekli obasynyň bärsinde gadymy taryhyň galyndysydygyny ýatladyp, uzakdan seleňläp görünýän Şammy keliň galasynyň eteklerinde öz çekenesini otladyp ýördi. Gaýraky ýoldan dazlap gelýän ýeňil ulag onuň deňine gelip saklandy. Iki sany oral aýal düşdi-de, özüne tarap gaýtdy. Gelenler «Salamälik!» diýdiler-de, öňdäki aýal dillendi:
— Ýaşuly, ýol soraýjakdyk, Aksaraýdan gaýtdyk, Bäşjykyra toýa barýadyk. Şu ýoldan gidip, haýsy tarapa sowulsakkak?
— Oba girip, mekdebiň gabadyndan günbatara sowluň-da, göni gidiberiň. On minut çemesi ýöreseňiz, Bäşjykyryň baglary görnüp ugrar.
Yzdaky aýal hümürdedi:
— Dogry bolaýady-da hernä?
— Şu wagta çenli Aramediň ula-kiçä ýol salgy berip, ýalňyşdyran ýeri ýokdur.
Ýöräp ugran beýleki zenan hyrra yzyna öwrüldi:
— Weý, şol on iki çagasyny ylym-bilimli edip ýetişdiren Aramet agamy siz?
Ýaşuly gyrçuw sakgalyny gysymlap durşuna:
— Beh, o gürrüň nireden gulagyňyza degip ýör, gyzym? — diýdi.
Ulagyň gapysyny açan aýal mährem ýylgyrdy:
— Ogul-gyzlaryny şeýdip ýetişdirip, uçurym eden atanyň özi bilmese-de, owazasy il aşýandyr, ýaşuly.
Aramet aga tozany çala göze ilýän ulagyň yzyndan ýeňsesini sypalap seredip galdy. Göz öňüne bolsa ikinji ogly Hemra geldi. Mekdebi gutardy-da, «Menem doganym Akjagül, agam Iljan ýaly mugallym boljak» diýdi-de, ejesi Gurbangülüň tamdyrdan çykaran külçesinden dört sanysyny aldy-da, «Niredesiň Aşgabat?» diýip gaýdyberdi. Aramet aga «Okuwa» diýip ýüregini bire düwen oglunyň raýyny ýykmady. Diňe şeýle diýdi:
— «Ýykyldym» diýip geläýseň, hon-ha, oglanlykda aýaňy gatadan pil bilen sapy
ýylmanyp giden kesgir orak ýoluňa seredip durandyr. Hünäriň gowusy, aňrybaş halaly, der dökseň, bagta-berekede ýetirýäni zähmetdir, bilgin şuny!
Dogruçyl, ýüregindäkini göni diýýän, dört synp bilimi bilenem hasapçy, ömrüniň ahyrynda-da «Aramet brigat» ady bilen ýakyn-alysda tanalan kakasynyň bu sözüniň hikmetiniň aňyrdandygyny, ýüzüni sallap geläýse, ornunyň meýdan, tutjak zadynyň pil-kätmen boljagyna düşünen Hemra ýüregindäki maksady üçin bilini berk guşamalydygyny aňryýany bilen aňdy.
Synag edip görýän ýaly, «Ýeser ýerde gaý turdy» diýleni boldy. Şol döwürdäki Türkmen döwlet politehniki institutyna girmek synanyşygy başa barmady, rus dilinden asgyn geldi. Resminamalaryny yzyna alyp durka, äht etdi: «Diňe bu dili däl, beýleki daşary ýurt dillerinem suwara öwrenerin!». Yza bolsa ýol ýok. Pil bolmasa, kerpiç, sement eken-dä. Şol günüň özünde «Aşgabatgurluşyga» giren Hemra ertesi daň bilen indiki okajak ýeriniň — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binasyny gurup ýördi. Gijesine bolsa tä gözleri bürülýänçä kitap okaýardy. Ýüregini bire baglapdy, arzuwy fizika ugrundan okamakdy. Şonuň üçinem matematika, geometriýa, fizika, algebra... okuw kitaplary ýassygynyň aşagyndady. Mekdepde fizikadan okadan mugallymy Sapar Halowyň, matematika mugallymy Şamyrat Arazgylyjowyň, geografiýadan okadan Gurulbaý Orazmyradowyň, türkmen dili we edebiýat mugallymy Aşyr Ärnepesowyň ilik-düwme geçen sapaklary ýazylan küti depderlerini ýany bilen alany maňlaýyndan diräýdi. Iş buýrujydan-prorabyndan haýyş edip, rus işçileriniň ýanyna geçipdi. Şeýdibem, bu dili öz aýdyşy ýaly, «hatym» edip barýardy.
Wagta salym barmy näme? Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetine giriş synaglaryna baranda aýasam gatapdy, beýnisem bekäpdi. Mugallymlar «saýrap» duran, islendik soraga säginmän jogap berýän ýigide «berekella», zor bilim beren ýere — Durdy Gylyç adyndaky 46-njy orta mekdebiň mugallymlaryna hem gaýybana «sagbolsun» aýdypdylar. Şeýdibem 1968-nji ýylda talyplyk bagty nesip edipdi. Turuwbaşdan dyzmaç ýigit badyny gowşatmady. Şeýlelikde, 1973-nji ýylda uniwersiteti tapawutlanan diplom bilen tamamlady. Häsiýeti-gylygy hoşamaý, bilim gory ýetik, tutan işini bitirmäge döwtalap ýigit hemme ýerde-de arzyly. Hemra Aramedowy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde laborant edip işe alyp galmaklaram şondan.
Begenjinden guş bolup, ilki «gonan» ýeri dogduk ojagy bolupdy. Şonda özünden zyýat begenen käbesi, on iki çagany ösdürip ýetişdireni üçin «Gahryman ene» diýen hormatly ada eýe bolan Gurbangül daýza balasynyň diplomyny ýüzüne sylyp:
— Beýleki çagalaryma-da nesip etsin-dä, hernä! — diýipdi. Enäniň ak süýt ýaly arzuwyna perişdeler «omyn!» diýen borly. Aramedowlaryň hemmesem ýokary hem ýörite orta bilimli boldular. Içinde mugallym hem, agronom hem, lukman hem, daýhan hem bar. Maşgalabaşy Aramet aga bolsa:
— Öriňi täzelejek-dä onda? — diýip aýlawlyrak sowal beripdi. Gepiň manysyna düşünen Hemranyň jogaby aýgytlydan ynamly bolupdy:
— Ylym dünýäsine gitjek, däde. Galanyny durmuşyň özi salgy berer.
«Sen ýigit, ir-u-giç alym çykarsyň!» Bu sözi gysganman aýdan kän boldy. Şol wagt ol ömür uşlybynyň ylmyň belli bir çägine ýetensoň, mugallymçylyk kärine ulaşyp gitjegini gümanam etmändi. Dürli ministrlikleriň, edaradyr guramalaryň ylmy-taslama bölümlerinde, ylmy-barlag institutlarynda işlände-de, aspiranturada okanda-da, 1984-nji ýylda «Tehniki ylymlaryň kandidaty» diýen alymlyk derejesini alanda-da, soň kiçi, uly ylmy işgär bolup işlände-de, alym hökmünde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutynda bölüm müdiri bolup zähmet çekende-de bir gylygy bardy. Ol hem mekdebiň deňesine baranda, säginip, çagalaryň gulagyňa hoş ýakýan sesine diň salardy, tanyş mugallymlaryna duşsa, tagzym bilen salamlaşardy. Nähilidir bir güýç ak mekdebe dartyp duran ýalydy.
Ahyry ak mekdebe bolan höwesi ony 2000-nji ýylda Aşgabat şäherindäki 8-nji orta mekdebe işe getirdi. Matematika we informatika mugallymy bolup mekdepde işe başlanyny eşidenleriň: «Ylym dünýäsinde ümzügiň ileridi, gidiberseň, ylymlaryň doktoram bolardyň» diýenlerine jogaby taýyndy: «Bilim gory ýetik ylymda yz goýýandyr. Okuwçylary şu maksada gönükdiribilsem bolýar. Bilýäňiz-ä, bilim-terbiýäniň gory mekdepde tutulýandyr». Şeýdip, Hemra ylym dünýäsine däl-de, mekdebe barýan ýoly saýlady.
Ol ýalňyşmandy. Mekdepde işläp ýörkä, Hemra Aramedowyň «Ýylyň mugallymy» diýen ada mynasyp bolanyny eşidip, gelip gutlan, jaň eden kän boldy.
— Okuwçylara terbiýe ilki ýürege ornaýan söz hem-de şahsy görelde bilen berilýär.
Hemişe ugur alýan bu ýörelgesiniň gaty dürsdügini Hemra mugallym 2005-nji ýylda paýtagtymyzdaky 35-nji orta mekdebe müdir bellenen badyna görkezdi.
Mundan on ýyl çemesi ozalrak mekdeplerde daşary ýurt dillerini ornaşdyrmak hakynda döwlet derejesinde karar kabul edilende, ol ilkinjileriň biri bolup iňlis dilini öwredýän okuw merkezine ýazyldy. Köpler geň galdy:
— Özüňiz-ä mekdep müdiri, gatnaýanlaryň arasynda-da iň ýaşulusy siz.
Şeýdip, iňlis dilini öwrenmegiň üç basgançagyny gutardy. Bir gezek daşary ýurda gidilende, atalarynyň iňlis dilinde arkaýyn düşünişip durşuny görüp, agtyklary haýran galdy. Mähremlik bilen olaryň başyny sypan Hemra mugallym bolsa ýylgyryp, şeýle diýdi:
— Bir ýyldan gowrak gatnan okuwymdan başga-da, internet sahypalaryndan öwrenenlerimi, gollanma, kitap, çuňlaşdyrylan sözlükleri alyp, ýatmankam nijemesini ýat tutup, boş wagtym işde okap öwrenenlerimi siz bilýänem dälsiňiz. Käriňi ykbalyňa öwürmeli. Şeýtseň, zähmetiň netijesini okuwçylaryňda, öwreden şägirtleriň işlerinde görüp bolýar.
Hemra mugallymyň bu sözleri-de «hikmetli». Mekdebinden şäher çäginde, döwlet derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerde baýrakly orun alan okuwçylary öz ugurlaryndan halypalary bilen egin deňleşip işläbem ýörler, başga kärlerde özüni görkezip, «meni Hemra mugallym okatdy» diýip, söýünçli sözläbem ýörler. Ýolbaşçylyk edýän mekdebiňi diňe paýtagtda däl, tutuş ýurt derejesinde iň göreldeli mekdepleriň birine öwräýmekde iş bar. Munuň üçin mugallymlardyr tehniki işgärleriň bir gulakdan deň gopmaly, ata-eneler bilen içgin gatnaşykda bolmaly, her okuwça aýratyn çemeleşip, başarnygyny-ukybyny açmaly, sapaklaryna höweslendirmeli, görkezme esbaplarydyr döwrüň täzeliklerini günübirin işe ornaşdyrmaly...
Kärine kämilligiň, pedagogik ussatlygyň, adamçylyk gatnaşyklarynyň özboluşly nusgasyny özünde jemlän Hemra Aramedow 2008-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» diýlen hormatly ada mynasyp boldy. Şol wagtlaram onuň pedagogika, terbiýä, bilimi döwür bilen deň alyp gitmäge, maşgala bilen mekdebiň gatnaşygyna, dünýä tejribesini milli bilime ornaşdyrmagyň ýollaryna bagyşlanan makalalarydyr çykyşlary döwürleýin neşirlerde häli-şindi çap edilýärdi. Häzir-ä olaryň sany 300-i tegeläberdi. «Sapaklary görkezme esbaplaryň esasynda guramak» ady bilen 2011-nji ýylda çap edilen okuw-usuly gollanmasam tüýs ýerine düşdi. Boş otursa, içi gysyberýän alym-mugallymyň fotoelektrik enjam, elektrodializ arkaly suwy süýjütmek, planimetriýa boýunça görkezme esbap, trigonomiýa ugruna degişli oýlap tapyşlaryna — ylmy işlerine önümçilige ornaşdyrmaga mynasypdygy üçin patentler berildi.
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebine 2011-nji ýylda müdir bellenende, ol ýaýdanman durmandy. Dagy näme, paýtagtda iň uly — okuwçy sany tas 900-e ýetiberýän, mugallymlarynyň sany hem 50 çemesi bolan bilim ojagy. Onsoňam «ýöriteleşdirilen» diýlen söz köp zady aňladýar ahyry. Ilki bilen, sanly ulgamy işe juda berk ornaşdyrmaly, interaktiw sapaklaryň guralyşynda ýeke säwligem bolmaly däl. Iň esasam, öz mähriban ene dilimiz bilen deň derejede daşary ýurt dillerinem çagalaryň aňyna guýmaly, beýleki käbir sapaklary has çuňlaşdyryp öwretmeli.
Aýdan gepiň bilen edýän işiň sazlaşsa abraý-mertebäňem artyk boluberýär. Bir gezek özünden has ýaşulurak adam ony ýokarky gata galyp barýarka saklady:
— Hemra mugallym, inim, bir sözüň bilen şu mekdepde okaýan agtygymy hem-de meni monça etdiň.
— O nähili sözkä, ýaşuly?
— Düýn birinji gatdan ýokary çykjak bolup duranja oglany, öz-ä, ýaňy gatnap ugrana meňzeş çaga, şony «Hany balam, saňa kömekleşeýin» diýäge-de, gujagyňa alyp, okuw torbasynam deňäňe gelen ýokary synpdaky okuwçyň eline berdiň-de, galyberdiň. Içimden diýdim: «Bu mekdebe gatnaýanlaň atasy iki eken, biri öýde kyblaýy atasy, bärde-de gören okuwçysyny «balam!» diýip söýgüläp duran mekdep müdiri. «Balam» sözüni eşiden okuwçynyň ýüzüniň ýagtylyp gidişini görüp, ýüregim gobsunyp gitdi. Ol söz onuň kalbyna ýagtylyk, ýagşylyk guýýar, okuwyna-da yhlas döredýär, bilseň!
Uzynakdan inçesagt, atýüzden nurana keşpli, gojalyga per bererden has çulum görünýän Hemra mugallym gürrüňdeşlikde sözüne dyngy berdi-de, mylaýym ýylgyrdy:
— Men öwnen ýaly bolup otyryn weli, ýöne menden ählitaraplaýyn ökde birem bardyr...
Meniň geňirgenip, oýlanjyranymy aňan maşgalabaşy gepine has süýjülik çaýdy:
— Oňa Enebaý mugallym diýýärler. Türkmenistanyň halk magaryfynyň otliçnigidir özem.
Gaýtalaýan sözem «Zenan mekdepde diňe mugallym däl, okuwçy üçin ene, öýde-de çagasy üçin nusga bolmalydyr» diýýär.
Käte çagalary, agtyklary «Ene, indi işiňi bes edäý, dynjyňy al!» diýýäler. Şonda olaň başyny sypalaýar-da, «Wah, ataňyz bilen mekdebe barýan ýola düşmesem, bir zadym kem ýaly bolup dur-da, balalam!» diýýär. Bu söz maňa-da çakylyk ýaly bolup eşidilýär...
Bu sözler baýry mugallymyň kalbynyň owazy, ýürek sözi. Hon-ha, Gün ujy gyzarmanka Köşiniň baýryndan uly ýola düşen ýeňil ulag hökman ak mekdebe barýan ýoly yzarlar. Sebäbi Aramet aganyň döwletli ojagyndan gözbaş alyp gaýdan şol ýol barha giňemek bilen. Aýdylyşy ýaly, dowamat-dowam bolýar.