Umumybilim berýän orta mekdepleri, çagalar baglaryny täze, 2026-2027-nji okuw ýylyna göreldeli taýýarlamak işleri şu günler ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda hem birnäçe işler durmuşa geçirildi.
Bu işler etrabyň 2-nji orta mekdebinde hem ýokary hilli we guramaçylykly alnyp baryldy. Mekdebiň jemi 40 sany synp otagy bolup, olarda abatlaýyş-bejeriş işleri doly tamamlandy. Mekdepde zähmet çekýän mugallymlaryň 123-si hem synp otaglarynyň abatlaýyş işlerine işjeň gatnaşdylar. Olardan B.Bekdurdyýewa, A.Güjükbaýew, J.Daşgynowa, Ý.Usaçýowa dagy görelde görkezdiler. Täze okuw ýylyna synp otaglarynyň abzallaşdyrylyşy, diwarlyklar, okuw-görkezme esbaplar bilen baýlaşdyrylyşy hem ýokary hilli ýerine ýetirildi. Mekdebimizde döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmak işi hem oňat ýola goýlan. Mekdebiň sport meýdançasynda okuwçylaryň sagdyn kemala gelmegi, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertler döredildi. Mekdebiň kitaphanasynda hem täze okuw ýyly üçin okuw kitaplarynyň sanawy geçirildi we olar okuwçylara paýlamaga taýýarlanyp goýuldy. Mekdep howlusynda düýpli arassaçylyk işleri geçirildi.
Täze okuw ýylynda 1-nji synpa okuwçylaryň 150-si kabul ediler, olaryň hasabaty we resminamalary doly taýýar edildi. 1-nji synp okuwçylarynyň synp otaglarynda döwrebap bilim almaklary üçin zerur bolan ähli şertler döredildi.
Şu günler bolsa mekdebimizde bilim işgärleriniň 2026-2027-nji okuw ýylynyň awgust maslahatlaryna, usuly-amaly okuwlaryna taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatyny durmuşa geçirmekde mekdepde okuw işleri döwrüň talabyna laýyk guralýar. Geçen okuw ýylynda mekdebimiziň okuwçylarynyň 4-si «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijileri boldular. Astronomiýa dersi boýunça halkara derejesinde geçirilen bäsleşikde mekdebimiziň okuwçysy Gapur Arazjanow ýeňiji boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynda amala aşyrýan özgertmelerini durmuşa geçirmekde hem-de uly üstünlikleri gazanmakda täze, 2026-2027-nji okuw ýylynda hem mekdebimiziň agzybir we zähmetsöýer mugallymlary bilen döredijilikli zähmet çekeris.