XVII. HIMIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde himiýa mugallymlary tarapyndan alnyp barylýan işler.
2. Mekdep okuwçylarynyň bilim derejelerini bahalandyrýan PISA, PIRLS, TIMSS halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini iş tejribä ornaşdyrmak babatynda himiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. Himiýa sapaklarynda we synpdan daşary işlerde STEM tehnologiýalarynyň ulanylyşy.
4. Himiýa sapaklarynda okuwçylarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmegiň usullary.
5. Himiýa dersi okadylanda dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usulyýeti.
6. Mekdep okuwçylaryny himiýa dersinden döwlet we halkara bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary.
7. Himiýa sapaklarynda «Suwuň elektrolit hökmünde dissosiasiýasy. Wodorod ionlarynyň konsentrasiýasy» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
8. Himiýa sapaklarynda «Uglewodlar» temasyny öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Himiýa sapaklarynda «Himiki baglanyşyk we onuň görnüşleri» diýen tema degişli meseleleri çözmegi öwretmegiň ýollary.
10. Himiýa mugallymlarynyň «Öz-özüňi kämilleşdirmek depderini» ýöretmeginiň iş tejribesinden.
11. Himiýa sapaklarynda okuwçylaryň logiki pikirlenmek başarnyklarynyň ösdürilişi.
12. Döredijilikli işleýän himiýa mugallymlarynyň iş tejribeleriniň öwrenilişi we ýaýradylyşy.