Türkmen halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik däpleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam edýär. Çünki geňeşmek, maslahatlaşmak däbi gadymy döwürlerden biziň günlerimize gelip ýetmek bilen, ol halkyň, ýurduň möhüm meselelerini, mizemez durmuş ýörelgelerini jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüne, ösüşiň esasy özenine öwrüpdir.
Mälim bolşy ýaly, 15-nji iýulda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny has-da dabaralandyrmak bilen bagly hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatyna ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ösüşlerini, demokratik-hukuk özgertmelerini berkitmekde, ony has-da pugtalandyrmakda uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda jemgyýetiň jebisligi we halkymyzyň agzybirligi pugtalanýar, halk häkimiýetlilik ýörelgesi has-da kämilleşdirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ata Watanymyzda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary ýokary ruhubelentlige beslenýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygynyň toýlanýan günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine mähriban halkymyz uly taýýarlyk görýär.
Halk Maslahaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzda möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratik ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwrüň we wagtyň synagyndan geçen, milli demokratiýanyň döwrebap ýörelgelerini kemala getirmek bilen, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda pugta orun aldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň esasy jemgyýetçilik-syýasy düzümi bolan Halk Maslahatynyň, şeýle hem welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwlet bilen halkyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary syýasy, hukuk, jemgyýetçilik taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça oýlanyşykly işlenen möhüm özgertmeleri durmuşa geçirýär. Şeýle özgertmeleriň netijesinde Halk Maslahaty döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň ruhlandyryjy, ugrukdyryjy guramaçylyk güýjüne öwrüldi. Bu aýdyň maksatlar Halk Maslahatlarynyň agzalarynyň möhüm wezipeleri, mukaddes borçlary bolup durýar.
Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary taýýarlykly barmak ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Çünki mejlisde ara alnyp maslahatlaşyljak meseleler ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleri öz içine alýar. Il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri halk bilen geňeşmek, maslahatlaşmak türkmenlerde gadymdan gelýän asylly ýörelgelerdir. Bu asylly ýörelgeler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem öz beýanyny tapýar.