Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Buýsançly ýürekleriň alkyşy

Buýsançly ýürekleriň alkyşy

1 Sentýabr, 2026 Makalalar
23

Seýdylla BÄŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby:

— Çagalygymdan bäri agzybir maşgalamyz bilen oba hojalyk pudagyna degişli ekerançylyk, maldarçylyk işleri bilen meşgullanyp, bu ugurlar boýunça enem-atamdan öwrenenlerimi hünär hökmünde has-da kämilleşdirmegi arzuw edýärdim. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda arzuwym hasyl bolup, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň zootehniýa taýýarlyk ugrunyň talyby bolmak bagty miýesser etdi.

Mundan beýläk hem biz bagtyýar ýaş nesillere döredilip berilýän şeýle amatly şertlerden peýdalanyp, okap, öwrenip, ata Watanymyzyň oba hojalygyny ösdürmek ugrunda yhlasymyzy, zähmetimizi gaýgyrmarys. Çünki biz bagtyýar ýaşlara ähli ugurda nusgalyk ýol-ýörelge, görelde bolup duran Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.

Türkmen ýaşlaryna döwrebap bilim ojaklarynda kämil ylym-bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarys.

Taýýarlan Mahym BEGLIÝEWA,
«Watan»