Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
«Pereňde gyratyň owazy geldi»

«Pereňde gyratyň owazy geldi»

25 Iýul, 2026 Makalalar
11

Türkmen bedewleriniň Fransiýadaky at-owazasy barada söhbet

Dessanlardyr eposlaryň, köne ýazgylaryň gatlaryny agdarsaň, «Pereňistan» we «pereňliler» sözleri bilen ýygy-ýygydan ýüzleşersiň. Heniz hepdelik ýa aýlyk menzilleri sähel salymda külterleýän ulag serişdeleri ýok mahalynda-da ata-babalarymyz alys Ýewropadan habarly bolupdyrlar. Pereňli gardaşlaram Hazaryň aňyrsyndaky ýerler bilen ýakyndan gyzyklanypdyrlar, şol ülkelerden gelýän jahankeşdeleriň yzy üzülmändir. Bu ýagdaý XIX asyryň ahyrky çärýegine-de mahsus bolup, şunda fransuz syýahatçylary aýratyn işjeňlik görkezipdirler.

Şol döwürler türkmen ülkesinde düýpli özgerişler bolup, ösen Ýewropa medeniýetiniň oňyn gazananlary ornaşdyrylyp başlapdyr. Dünýä inženerçilik ylmynda iňňän wajyp desgalaryň biri hasaplanýan Zakaspi demir ýoly taryh üçin iňňän gysga möhletde, ýagny 1880 — 1888-nji ýyllarda gurlup, häzirki Türkmenbaşy — Samarkant aralygyny birikdiripdir. Bu ýagdaýlar Ýewropa halklaryny hem biperwaý goýmandyr. Demir ýoluň ugry boýunça syýahat etmek ýoň bolupdyr. Onlarça fransuz jahankeşdeleri, alymlary uzak menzilleri söküp, Merkezi Aziýa sebiti bilen tanyşmaga döwtalapdylar. Dünýä edebiýatynyň taryhyna adyny ebedilik ýazan Žýul Werniň 1892-nji ýylda okyjylara ýetiren «Klodius Bombarnak» atly romanynyň gahrymanlary Merkezi Aziýa, şol sanda Aşgabada, Mara syýahat edýär, Amyderýadan geçip, aňyrlygyna gidýär. Fransuz ýazyjysy bu eserini söhbetdeş bolan birnäçe jahankeşdeleriniň gürrüňi esasynda ýazypdyr.

Fransuzlar öz ýatlamalarynda, ýolýazgylarynda türkmenleriň durmuşy hakynda köp ýatlapdyrlar. N.Neýiň, A.Butrunyň, kapitan Anžinýonyň, de Rokkanyň, Ž.Leklerkiň, L.Koşaryň, G.Bonwalonyň, E.Bulanženiň we ýene-ýeneleriň işlerinde, P.Nadaryň, Emar de Plýuwineliň fotosuratlarynda halkyň milli gymmatlyklarynyň naýbaşylarynyň hatarynda, ilkinji nobatda, bedewleriň keşbi janlandyrylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň: «At türkmen üçin ähli zat» diýen jümlesini bu agzalan jahankeşdeleriň eserleri ýene bir ýola tassyklaýar. Tebigatçy alym, syýahatçy Feliks de Rokka, takmynan, 1892 — 1895-nji ýyllar aralygynda biziň ülkämize syýahat edýär. Ol 1894-nji ýylda Parižde neşir edilen kitabynda Aşgabadyň demir ýol menzilinden çykan dessine «ýerli tohumdan bolan ýyndam atlara» gözi düşendigini ýatlaýar. Mary sebitlerinde bolanda de Rokka bu täsin bedewleriň birnäçesini ýörite görkezýärler. Atlaryň owadanlygyna haýran galmak bilen, ol: «Başyny buýsanç bilen göterýän, gysby döşli, aýaklary misli polat ýaly berk bolan bu türkmen atlary nähili wepadar hem asylly!» diýip ýazypdyr. Fransuz syýahatçysy türkmen atlarynyň ýyndam, çalasyn, hüşgär we örän çydamlydygyny, bu babatda olaryň beýleki tohumlardan öňdedigini ýazýar. Türkmenleriň harby sungatynda atlaryň iňňän wajyp orun eýeleýändigi baradaky hakykata de Rokka aýratyn ünsi çekýär. Ol türkmenleriň hem öz wepadar dostlary bolan bedew atlara aýratyn gadyr goýýandyklaryny belleýär. «Atyň üstüni eýeriň aşagynda kemer bilen berkidip, galyň keçe ýa-da haly bilen örtýärler. At eýeleriniň ýyrtyk-ýamak keçeler we könelişen halylar düşelen ak öýlerini ýygy-ýygydan görüp bilersiňiz, ýöne örän gowy ýapynjasyz galdyrylan ata welin, hiç wagt duş gelmersiňiz» diýýän syýahatçynyň bu sözleri türkmen topragyna ondan öň we soň gadam basan beýleki jahankeşdeleriň pikiri bilen sepleşýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserinde mysal getirişi ýaly, wenger syýahatçysy Armeniý Wamberi bu barada: «Olaryň atlara şeýle yhlasly ideg edişlerini, aýazdyr tüp yssydan goraglamak üçin olaryň endamyny ýyly zatlar bilen ýapyşlaryny, öz egin-eşikleri sallam-sajak bolsa-da, atlaryny we at eýerlerini sünnäläp bezeýişlerini synlamak täsindir we geňdir» diýip belläpdir. Bu bolsa türkmenleriň bedewini wepadar dost hasaplap, oňa maşgala agzasy ýaly seredendigini, atlara goýulýan gadyr-gymmatyň iňňän ýokary bolandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmen illerine syýahat edip, 1888-nji ýylda «Merwe syýahat» atly eserini ýazan inžener Edgar Bulanženiň pikiri hem ildeşi bilen kybapdaşdyr. Ol: «Türkmen özüniň iň uly baýlygy bolan bedewini iňňän eý görýär» diýip belleýär. Atyň hem şol söýgä mynasypdygyny tekrarlap, bu bedewleriň hüý-häsiýetiniň ajaýypdygyny, diýeniňi diňleýändigini, öz eýesine wepaly we çäksiz mertligi bilen göze ilýändigini nygtaýar. Türkmenlerde bahasyz baýlyk hasaplanýan bedewlere gardaş hökmünde seredilip, olaryň özge ülkelere satylmaýandygyna aýratyn ünsi çekýär.

Ýazarlaryň ýene-de biri A.Mozer şweýsar diplomaty bolsa-da, kitaplaryny diňe fransuz dilinde ýazypdyr we Parižde neşir etdiripdir. Ol türkmen topragyny gowy öwrenipdir. Öz kitapdyr makalalarynda türkmenleriň seýisçilik sungatyna degişli köp maglumatlary getiripdir. Mozer at bilen onuň çapyksuwarynyň arasyndaky sazlaşykly gatnaşyklara üns berip, bedewe berilýän erkinligi haýran galmak bilen teswirleýär: «Türkmenleriň atlarynyň jylawy juda inçedir, olar gamçydan asyl-ha peýdalananoklar... Türkmen jylawy gowşadyp, atyna doly erkinlik berip atlanýar, bedew bolsa haýran galdyryjy duýgurlyk bilen dag geçitleriniň, geçmesi kyn ýerleriň arasyndan öz gitmeli ugruny özi kesgitleýär». Mozer beýleki pereňli syýahatçylar ýaly türkmeniň atyna goýan gadyr-gymmatyna hem ünsi çekýär: «Eger eýesiniň özi ýyrtyk-ýamalan ýönekeý lybasly gezip ýören bolsa-da, onuň atyna we aýalyna gözüň düşäýse, gurpludygyna göz ýetirersiň: edil aýalynyň gymmatbaha şaý-sepler bilen bezelişi ýaly, atynyň döşi, eýeridir jylawlary hem kümüş şaýlar bilen örtülendir».

Görnüşi ýaly, ýyndamlygy, owadan keşbi, gyz gylyklylygy bilen göreni haýrana goýýan behişdi bedewler fransuz jahankeşdelerinde-de uly täsir galdyrypdyr. Olar öz eserleriniň üsti bilen Ýewropa jemgyýetçiligini türkmen halkynyň milli gymmatlygy bilen tanyşdyrypdyrlar. Bu bolsa behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratynyň Pereňistanda giňden ýaýylmagyna şert döredipdir.

Rüstem HOJAGELDIÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
 

Salgylanma: