Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerilip, milli bilim ulgamy döwrebaplaşdyrylýar, hil taýdan täze basgançaga çykarmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Asylly käriň eýeleri bolan mugallymlarymyzyň, ähli bilim işgärleriniň yhlasly hem-de tutanýerli zähmet çekmegi, ýaş nesliň bilimleri we ylymlary özleşdirmegi, hünärleri ele almagy üçin giň mümkinçilikler döredilip, täze döwrümiziň kuwwatly binýady berkidilýär. Döwrebap bilimli, ylymly we edep-terbiýeli, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Umumybilim edaralaryny sanlylaşdyrmagyň barşynda dürli dersler boýunça okuw sapaklaryny häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmekde zerur şertler döredilip, okuw-usulyýet işi kämilleşdirilýär. Okuw kitaplary, gollanmalary, okuw-usuly toplumlar elektron görnüşinde täze maglumatlar esasynda baýlaşdyrylýar. Okatmagyň öňdebaryjy, ýokary netijeli innowasion usullary we mümkinçilikleri, olary okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrmagyň ýollary barada halkara tejribeler özleşdirilýär.
Golaýda Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň usuly-amaly okuwlary hem guramaçylykly geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçirilen bu usuly-amaly okuwda 2026 — 2027-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri kesgitlemek barada maslahatlaşyldy. Okuwlarda meýilnama esasynda bellenilen temalar boýunça täsirli çykyşlar edilip, özara pikir alşyldy. 29-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Maýa Çaryýewanyň «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleri sapaklaryny ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň ýollary», 72-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Nurtäç Täçmyradowanyň «Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny nazara alyp, pedagogik işgärleriň işini döwrebap guramagyň usullary», 143-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Amangözel Daňatarowanyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri amal etmegiň ýollary» atly ýörite prezentasiýaly çykyşlary özara pikir alyşmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Şeýle hem täze okuw ýylynda öňde durýan wezipeler we geçen okuw ýylynyň jemleri boýunça hasabatlar bilim işgärleriniň etrap, şäher, welaýat maslahatlarynda öz beýanyny tapdy.