Läle HOJAGURBANOWA,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy:
— Bu gün ata Watanyň gujagynda bagtyýarlygyň, erkanalygyň toýuny toýlaýan agzybir halkymyz her bir gününi bagta besläp gurýar, döredýär hem-de geljege uly ynam bilen garaýar. Häzirki taryhy döwrümizde ähli ösüşlerimiziň esasyny düzýän goşa ganatymyz — Garaşsyzlygymyz hem-de Bitaraplygymyz köňüllere buýsanç, ylham paýlaýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň şygaryny dabaralandyrmak, Garaşsyzlygymyzyň gymmatyny wagyz etmek maksady bilen dürli medeni çäreler, bäsleşikler geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly bäsleşigi hem döredijilik işi bilen meşgullanýan bilim işgärlerini täze eserleri döretmäge höweslendirdi.
Bilim işgärleri bu gün döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýürek buýsançlaryny öz eserleriniň üsti bilen beýan edýärler. Döredijilik gözellikden, erkana ýaşaýyşdan has ajaýyplaşýan bolsa, şol gözellikler biziň dünýämizi, kalbymyzy gaplap alýar. Döredijilik işgärleri döwrüň waspyna, bagtyň tarypyna eýlenip, zamanamyzyň deňsiz-taýsyz keşbini jahana ýaýýar. Döwrümiziň keşbi köňüllere ylham bolup dolýar.
Ajaýyp zamanamyzda döredijilikli işlemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!