Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Mekdep bazarlary işläp başlady

Mekdep bazarlary işläp başlady

3 Awgust, 2026 Makalalar
83

1-nji awgustda ýurdumyzda täze, 2026-2027-nji okuw ýylynyň ýetip gelýändigini buşlaýan mekdep bazarlary işläp başlady. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň bazarlarynyň, iri söwda merkezleriniň ýanynda okuwçylardyr talyplar hem-de mugallymlar üçin ähli gerekli harytlary özünde jemleýän göçme söwda nokatlary döredildi.

Ilkinji günden başlap göçme söwda nokatlarynyň töwereginiň köp adamly bolmagy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň täze okuw möwsümine hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşyp, ony ykjam we mynasyp garşylamagy maksat edinýändigini görkezýär. Şu ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwdasyny amala aşyrýan nokatlaryň 60-a golaýyny gurnamak meýilleşdirildi. Munuň özi ilatyň bölek söwda hyzmatlaryndan netijeli peýdalanmagy, zerur harytlary bir ýerden, amatly görnüşde satyn almagy ugrunda döwletimiz tarapyndan edilýän uly aladalaryň ýene-de bir görkezijisidir.

24-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny gurnamagyň möhümdigini nygtap, bu boýunça anyk tabşyryklary berdi. Hödürlenilýän harytlaryň köpüsiniň ýurdumyzda öndürilýändigini bellemek gerek. Olar ekologik taýdan arassalygy, ýokary hilliligi we amatlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Hususan-da, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilen, gyzjagazlar üçin niýetlenen ýaşyl penjeklere we milli keşdeli köýneklere, öňlüklere, oglanjyklar üçin nusgawy biçüwli kostýumlara, ak köýneklere, sport egin-eşiklerine isleg has-da ýokary. Mekdep sumkalarydyr talyp portfelleri, rahat aýakgaplar hem köpgörnüşliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem gündelikler, kartalar, surat we çyzuw albomlary, ders hem-de umumy depderler, dürli reňkli galamlar we başga-da ençeme esbaplar satuwa çykarylypdyr. Önümleriň bezeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynda ýetilen sepgitleri, şäherlerimiziň we tebigatymyzyň gözelliklerini şöhlelendirýän şekillere, hususan-da, şanly ýylymyzyň baş nyşany bolan behişdi bedewleriň täze belentliklere we üstünliklere ruhlandyrýan okgunly keşbine möhüm orun berlipdir.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli bazarlary bolan “Altyn Asyr” Gündogar, “Teke”, “Gülüstan” bazarlarynyň çäginde mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlary aýratyn bölegi emele getirýär. Mekdep harytlarynyň göçme söwda nokatlarynyň her gün ir säherden tä agşama çenli işlemegi alyjylar üçin has-da amatlydyr.

— Täze okuw ýylyna ýurdumyzyň tikinçilik fabrikleri we dokma kärhanalary hem ykjam taýýarlyk gördüler. Olar ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen pagtadan taýýarlanan, okuwçylar we talyplar üçin niýetlenen mekdep we sport egin-eşikleriniň, aýakgaplaryň hem-de beýleki dokma harytlarynyň täze görnüşlerini halkymyza hödürleýärler. Bu önümler ykjam biçüwi we bedene rahatlygy bilen tapawutlanýar. Şu günler Dokma senagaty ministrligine degişli 80-e golaý dükana, mekdep bazarlarynyň çägindäki dokma önümleriniň söwda nokatlaryna gelýänleriň aglabasynyň täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ata-enelerdigini we okuwa höwesli ýaşlardygyny bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň ylym-bilime uly sarpa goýýandygyny görkezýär — diýip, “Altyn asyr” harytşynaslyk merkeziniň satyjysy Akmyrat Ulugberdiýew söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Begli ABDYKADYROW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.
 

Salgylanma: