Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Belent maksatly bagtyýar ýaşlar

Belent maksatly bagtyýar ýaşlar

1 Sentýabr, 2026 Makalalar
17

Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistrleri taýýarlamak ugrunyň maglumat hukugy hünäriniň talyby:

— Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýäde şeýle bir mukaddes gymmatlyk bar. Oňa «Watan» diýilýär. Watana bolan söýgi ynsan üçin iň beýik söýgüdir. Şoňa görä-de, biz — ajaýyp zamananyň bagtyýar ýaşlary watansöýüjiligiň belent mekdebini döreden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähimli pentlerine eýerip, berkarar döwletimiziň kämil bilimli nesilleri bolup ýetişmekde yhlasymyzy gaýgyrmarys. Biz — talyp ýaşlar üçin döredilýän ähli şertler, täze ýokary okuw jaýlary, bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!