Orazgeldi ÖWEZSÄHEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory:
— Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli ösdürilýär. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklara uly orun degişli. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti hem Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda ýerleşýän Sinszýan uniwersiteti bilen 2016-njy ýylda, Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersiteti bilen 2023-nji ýylda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnamalary baglaşdy. Şu ýyl bolsa bilim ojagymyz Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň Halkara dil bilimi we hyzmatdaşlyk merkezi hem-de Sinszýan mugallymçylyk uniwersiteti bilen degişli ylalaşyklar esasynda özara gatnaşyk edip başlady.
Häzirki wagtda Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň uçurymy Suý Szýasin uniwersitetimizde aspiranturada okap, «Magtymgulynyň şygryýetinde türkmen halkynyň ahlak we gözellik garaýyşlarynyň çeper beýany» atly temada kandidatlyk dissertasiýasyny ýazýar. Şeýle-de ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň türkmen dili/rus dili hünäri boýunça okaýan talyplaryna bilim berýändigini bellemek gerek. 2026-2027-nji okuw ýylyndan bolsa agzalan uniwersitetiň bu hünärde bilim alýan 6 talyby TDU-da dil babatda hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçer. Mälim bolşy ýaly, biziň bilim ojagymyzda hytaý dili we edebiýaty hünäri 2008-nji ýyldan bäri okadylyp gelinýär. Şu geçen döwürde hytaýly mugallymlaryň birnäçesi türkmenistanly ýaşlara hytaý dilini öwretmekde ýakyndan ýardam berdi. Uniwersitetimizde tanyşdyrylyş dabarasy geçirilen bilim ulgamynda alyşmalar we hyzmatdaşlyk boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» merkeziniň işiniň hem ýurtlarymyzyň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamaga mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys.