Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim, döredijilikli zähmet bilen belent sepgitlere ýetilýär. Ata Watanymyz Türkmenistanda ýaşlar syýasaty giň gerim bilen alnyp barylýar. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde zehinli, giň dünýägaraýyşly, kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin uly mümkinçilikler, giň şertler döredilýär. Ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň ukyp-başarnyklaryny, tebigy zehinlerini ýüze çykarmak üçin dürli bäsleşikler geçirilýär. Etrap, welaýat, döwlet derejesinde, hatda dünýä möçberinde geçirilýän bäsleşiklerde türkmen ýaşlary abraýly orunlary eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir» diýip, türkmen ýaşlaryna örän uly ynam bildirýär, ýaş nesilleri jemgyýetiň geljegi hasaplaýar.
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebimizde hem ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, okuwçylara bilim, terbiýe bermek, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek, olaryň zehinini, ylma bolan höwesini, innowasiýa bolan söýgüsini, hünär saýlamaga bolan ukybyny ýüze çykarmak üçin ähli şertler, döwrebap mümkinçilikler döredilen. Şeýle dünýä nusgalyk şertleriň döredilmegi Watana, il-günümize, hormatly Prezidentimize wepaly ýaşlary terbiýelemekde örän ähmiýetlidir.
Mekdebimizde bilim alýan okuwçylary milli ruhda terbiýelemek, olaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak, ylmyň gazananlaryny, innowasiýany öwrenmek üçin kompýuter otaglarynyň 2-si, lingafon otaglarynyň 4-si, häzirki zaman multimedia tagtalarynyň 8-si, gyzlara, oglanlara aýratynlykda öwretmek üçin zähmet otaglarynyň 4-si hyzmat edýär. Mekdep okuwçylary daşary ýurt dillerini içgin öwrenmäge aýratyn üns berýärler. Mekdepde iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmekde lingafon otaglaryndan giňden peýdalanylýar. Ýaşlara iňlis, rus dillerini öwretmekde lingafon enjamlarynyň hyzmaty örän ýokarydyr. Döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, mekdebimiziň okuwçylary halkara internet bäsleşiklerine-de işjeň gatnaşýarlar. 2025—2026-njy okuw ýylynda okuwçylaryň 274-si halkara internet bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýlelikde, mekdebimiziň abraýyny welaýat, döwlet derejesinde ýokary göterdiler.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek üçin mekdebimizde degişli işler amala aşyrylýar. Tejribeli halypa mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, okuwçylaryň pikirleniş ukybyny ösdürmek boýunça mekdebiň usuly birleşmeleri ýörite düzülen meýilnama esasynda iş alyp barýarlar. Bu babatda mekdebiň tejribeli mugallymlary şu ýyl dersler boýunça görelde sapaklaryny guradylar. Mekdebiň mugallymlary Tawus Annaýewa, Gülaýym Narlyýewa etrap derejesinde iňlis dili dersinden görelde sapagyny gurap, etrabyň iňlis dili mugallymlaryna Konsepsiýanyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ähmiýetini öz iş tejribelerinde görkezdiler.
Mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmak, hünär tejribesini öwretmek boýunça hem umumybilim berýän orta mekdepleriň ählisinde giň mümkinçilikler döredildi. Okuwçylaryň kompýuter sowatlylygy babatda ösen isleglerini nazara alyp, mekdebimizi şu ýyl tamamlan uçurymlar bilen «Kompýuter sowatlylygynyň esaslary» hünäri boýunça okuwlar guralyp, olar umumy orta bilim hakynda şahadatnama bilen bir hatarda «Kompýuter sowatlylygynyň esaslary» hünäri boýunça hünär şahadatnamasyny aldylar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň umumy orta bilim almak bilen bir hatarda, belli bir hünär boýunça zähmet ýoluna gadam basmagyna döreden uly mümkinçiligidir.
Mekdebimizde 2025—2026-njy okuw ýylyny üstünlikli jemlemek bilen birlikde, täze 2026—2027-nji okuw ýylyna guramaçylykly başlamak işleri hem dowam edýär. Häzir täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri boýunça mekdebimizde abatlaýyş, tämizleýiş işleri, mekdep emläkleriniň abatlygyny gözden geçirmek işleri dowam edýär. Bu işleri birkemsiz amala aşyrmak hem-de täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamak üçin hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini mekdep durmuşyna ornaşdyrmak, mekdebiň çägini bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda giň mazmunly meýilnama düzüldi.