Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Buýsançly ýürekleriň alkyşy

Buýsançly ýürekleriň alkyşy

1 Sentýabr, 2026 Makalalar
23

Täzegül BOÝLYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby:

— Biz ýaşlar okamaga, öwrenmäge ajaýyp mümkinçilikleriň bar bolan mekanynda ýaşaýarys. Muňa begenjimiziň, buýsanjymyzyň çägi ýok. Medeniýet ulgamyndaky uly ösüşlere buýsanyp, men hem şu ýyl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň art-menejment taýýarlygy ugrunyň talyby boldum.

Bu hünäri saýlamagyma heniz okuwçy döwürlerimde dörän isleg-arzuwlarym sebäp boldy. Orta mekdepde okaýarkam, halypa mugallymlarymdan, şeýle-de özbaşdak şertlerde kompýuter sowatlylygy, elektron hasaplama, sanly iş prosesi ýaly bilimleri öwrenmäge ymykly girişipdim. Şeýdibem, süýji arzuwlarym bu gün öz wysalyna gowuşdy. Medeniýet ulgamyndaky ykdysatçy hökmünde geljekde hem bu hünäriň ussady bolup ýetişmek ugrunda yhlas ederin.

Pursatdan peýdalanyp, talyp bolmak ýaly buýsançly bagtyň eýesi bolan deň-duşlaryma uly üstünlikleridir belent sepgitleri arzuw edýärin. goý, bilim ummanynda size şowlulyklar ýar bolsun!