Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň berk binýadyny goýan beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýene-de bir wajyp başlangyjy Birleşen Milletler Guramasynda biragyzdan goldaw tapdy. Şu ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hödürlenen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň parahatçylygy dörediji daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň dünýäde barha artýan oňyn täsirine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu wajyp halkara resminamanyň awtordaşlary hökmünde 78 döwletiň çykyş etmegi hem ýurdumyzyň adamzadyň ählumumy bähbitlerini nazarlaýan asylly başlangyçlarynyň dünýäde giňden ykrar tapýandygyny, halkara hukugy berjaý etmegiň, oňa hormat goýmagyň we kämilleşdirmegiň häzirki döwürde örän derwaýys derejä çykandygyny görkezýär.
Täze Kararnamanyň taslamasy hödürlenilende, türkmen tarapy çuňňur ählumumy özgertmeleriň häzirki şertlerinde halkara hukuga hormatyň pugtalandyrylmagynyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň, şeýle hem netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi. Bu resminamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň halkara hukugyň hökmürowanlygyny ilerletmek, parahatçylyk medeniýetini, ynanyşmagy we Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde oňyn köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alyp barýan yzygiderli işleriniň halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
Soňky onýyllyklaryň giň gerimli özgertmeleriniň many-mazmunyna çuňňur göz aýlanyňda, XXI asyryň ikinji çärýeginiň başynda Türkmenistanyň halkara işjeňliginiň ep-esli artýandygyny, onuň syýasy, diplomatik, durmuş-ykdysady, medeni we ynsanperwer tagallalaryň giň gerimini öz içine alýandygyny görmek bolýar. Bu tagallalar Ýer ýüzünde parahatçylyk we howpsuzlyk ýaly adamzadyň iň ýokary gymmatlyklaryny üpjün etmäge, ýaragly çaknyşyklaryň öňüni almaga hem-de milletleriň arasyndaky ynamy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmenistan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmek bilen, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ileri tutulmagy ýaly belent maksatlara eýerýär. Şunda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ähmiýetini dünýäde giňden ýaýmak, daşary ykdysady gatnaşyklary okgunly giňeltmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe, halkara gatnaşyklaryň has ynsanperwer bolmagyna ýardam bermek ýaly wajyp wezipeleri ýerine ýetirmekden ugur alynýar. Bitarap türkmen döwleti halkara meseleleri çözmekde, sebit hyzmatdaşlygynda deňhukukly çemeleşmelere, adalatly çözgütlere aýratyn üns berýär. Munuň özi islendik ýagdaýda dawalara ýol bermezlige, derwaýys meseleleri özara düşünişmek esasynda hem-de halkara hukuga laýyklykda çözmeklige gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen hem-de geljek ýylda özüniň 20 ýyllygyny bellejek Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işini hem şeýle tagallalara mysal hökmünde görkezip bolar. Bu merkeziň öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmekde, sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmakda, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynanyşmagy we özara düşünişmegi berkitmekde özboluşly meýdança hökmünde möhüm ähmiýete eýedigi BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe Kararnamasy bilen tassyklanyldy. Şeýle hem sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, parahatçylyk we dialog medeniýetini ilerletmek, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimiziň dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýändigi berkidilendir. Şunuň bilen birlikde, Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasynda: “Türkmenistan halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär” diýlip kesgitlenendir. Şu belent kadalardan we ýörelgelerden ugur almak bilen, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň öňünde howpsuzlygyň toplumlaýyn we ygtybarly ulgamyny üpjün etmek, ýurduň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmek, şeýle-de hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, halkara giňişlikde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermek ýaly wezipeler durýar. Türkmenistan daşary ýurtlar bilen, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde dostlukly, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge we giňeltmäge, dünýäniň ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulyşmaga, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek zerur şertleri döretmäge ygrarlylygyny aýan edýär. Türkmen döwleti halkara meseleleri çözmegiň köpçülikleýin başlangyçlaryna, halkara hukugyň hökmürowanlygyna, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň düzgünlerine, şeýle hem halkara gatnaşyklary kadalaşdyrýan esasy gurama hökmünde BMG-niň merkezi utgaşdyryjy ornunyň saklanylmagynda döwletleriň arasynda deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan adalatly, demokratik halkara ulgamy kemala getirmek üçin parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ugry işjeň ýagdaýda ilerletmäge ýardam edýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen we teklip eden «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly filosofiýasy halkara hukuk gatnaşyklarynda hem binýatlyk ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan ýurdumyz umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça işleriniň ählumumy ykrar edilmegi ugrundaky çäreleri işjeňleşdirmek, döwletara gatnaşyklarda halkara-hukuk, syýasy-diplomatik taýdan çemeleşmek, halkara gapma-garşylyklary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli usuly hökmünde syýasy dialogy we diplomatik gepleşikleri ykrar etmek ýaly garaýyşlardan ugur alýar.
Hormatly Prezidentimiz 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy 2025-nji ýylyň sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda öňe sürdi. Bu strategik başlangyç diňe bir syýasy däl, eýsem, adamzat bähbitli ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä derejesinde dabaralanmagyna hyzmat edýär. Munuň özi parahatçylygyň we halkara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim bolmak bilen, Türkmenistanyň hoşniýetli goňşuçylyk, dialog we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlylygyny görkezýär.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň resmi wekiliýeti şu ýylyň fewralynda Dubaý şäherinde bolup geçen «Bütindünýä hökümet sammiti — 2026» forumynda halkara hyzmatdaşlykda öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň köptaraplaýyn platformasyny döretmek baradaky teklip bilen hem çykyş etdi. Öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň milli, sebit we halkara derejelerde geljekki hyzmatdaşlyk düzümleriniň arhitekturasynyň durnukly bölegine öwrülmeginde halkara hukuga hem ähmiýetli orun degişli. Bu babatda durnukly ählumumy dolandyryşyň berk halkara hukuk binýadynyň bolmalydygy nygtalýar. Şu sebäpli hem Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Şol başlangyjyň maksady öňden bar bolan hukuk binýadyna hormaty berkitmekden we dikeltmekden, onuň hemmetaraplaýyn, bölünmez häsiýetini üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmen tarapy 2028-nji ýyly we oňa taýýarlyk döwrüni ählumumy özgertmeleriň, güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemeginiň we täze gapma-garşylyklaryň görnüşleriniň ýüze çykmagynyň şertlerinde halkara hukugyň orny baradaky giň gerimli dialog, şeýle hem öňüni alyş diplomatiýasynyň we jedelleriň parahatçylykly çözülmeginiň hukuk binýadyny berkitmek üçin mümkinçilik hökmünde görýändigini aýratyn nygtady.
Mahlasy, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi her birimizde çuňňur buýsanç döretmek bilen birlikde, ýokary jogapkärçiligi hem artdyrýar. Häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmaga gönükdirilen şeýle halkara başlangyçlarydyr teklipleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň dünýä we sebit syýasatyndaky ähmiýetli ornuny has-da berkidýär hem-de mazmun taýdan baýlaşdyrýar.