Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Tejribelikler guramaçylykly geçirildi

Tejribelikler guramaçylykly geçirildi

18 Iýul, 2026 Makalalar
29

Ýurdumyzda talyp ýaşlaryň hünär ussatlygyny kämilleşdirmeklerine, nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilikde berkitmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Beýleki ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary hem 2025-2026-njy okuw ýylynyň II ýarymýyllygynyň okuw we önümçilik tejribeliklerini üstünlikli geçdiler. Tejribelikler Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň önümçilik-hünär öwreniş tejribeligi hakynda düzgünnama laýyklykda guraldy.

«Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» önümçilik kärhanalarynda talyplaryň hünär öwreniş tejribeliklerini netijeli guramak, taýýarlanýan hünärmenleriň hünär derejesini döwrüň zähmet bazarynyň talaplaryna laýyk getirmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlenendir. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga iş berijileri giňden çekmek ugrundaky işleriň çäginde geljekde amaly endikleri alandygyny tassyklaýan şahadatnamalary bermek ulgamyny girizmek bilen, önümçilik kärhanalarynda we guramalarynda okuw sapaklaryny, önümçilik tejribelerini netijeli guramagyň tertibini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň tejribelikleri ýokary okuw mekdebinde, şeýle hem degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň tabynlygyndaky kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň binýadynda geçirildi. Milli Liderimiziň şägirt ýetişdirmegiň mertebäni bir basgançak beýgeldýändigi, tejribe alyşmagyň kämilleşmegiň şertidigi hakynda sargytlaryndan ugur alnyp, tejribeliklerde halypa-şägirtlik ýoly ýöredildi, talyplara ýokary taýýarlykly halypalar berkidildi. Okuw meýilnamasyna laýyklykda gözükdiriş-usuly sapaklar, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça hökmany okuwlar geçildi. Netijede, talyplar nazary we amaly sapaklarda alan bilimlerini tejribelik geçýän ýerlerinde kärhananyň, guramanyň we edaranyň zähmet, dolandyryş iş usullaryny çuňňur öwrenmegiň esasynda berkidip, öňdebaryjy usullary we tejribeleri öwrenmek bilen, hünär endiklerini ele aldylar.

Uniwersitetiň peýdaly entomofaglar köpeldilýän tejribehanasynda ösümlikleri goramak hünäriniň talyplary entomofaglaryň dürli görnüşlerini, şol sanda altyngözlüjäni, gabrobrakony we trihogrammany köpeltmegiň usullaryny we kämilleşdirmegiň ylmy esaslaryny öwrenýärler. Talyplar bu tejribehanada professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda birnäçe ylmy barlag işlerini alyp barýarlar. Olar zyýankeşlere garşy göreşiň biologik usulyny alyp barmaga işjeň gatnaşyp, ýetişdiren altyngözlüjelerini gowaça meýdanlaryna goýberdiler.

19-njy iýun — 6-njy iýul aralygynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3 mugallymyndan we 20 talybyndan ybarat wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň «Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasy instituty» Milli barlag uniwersitetinde tejribelik geçdiler. Türkmen talyplary ählumumy howanyň üýtgemeginiň oba hojalyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyna täsiri, ekinleri suwaryş kadasynyň döwrebap hasaplamalary, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, geomaglumat ulgamlary, ýere uzak aralykdan gözegçilik etmegiň innowasion usullary hakynda umumy okuwlara gatnaşdylar. Şeýle-de, olar «UzGIP» taslama institutynda, «AGROMAX TEXNIC» kompaniýasynda, «Suwçular mekdebinde», Oba hojalyk tehnikalaryny we tehnologiýalaryny synaýyş we güwälendiriş respublika merkezinde bolup, alnyp barylýan işler bilen tanyşdylar.

Umuman, talyp ýaşlar okuw we önümçilik tejribeliklerinde hünärlerini kämilleşdirip, 2025-2026-njy okuw ýylyny üstünlikli jemlediler. Ýokary hünär bilimini ösdürmek ugrundaky tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Mähri IŞANGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.