Türkmen halkynyň köp asyrlyk durmuş tejribesinde geňeşmek we bilelikde çözgüt kabul etmek esasy ýörelgeleriň biri hökmünde kemala gelipdir. Islendik möhüm mesele çözülende, tejribeli hem-de paýhasly adamlaryň pikirine ýüz tutulmagy jemgyýetde adalatly we oýlanyşykly çözgütleriň kabul edilmegine ýardam beripdir. Şeýle ýörelge diňe bir maşgala ýa-da oba derejesinde däl, eýsem, tutuş halkyň ykbalyna degişli meselelerde hem möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.
Halkymyzyň döwlet dolandyryş medeniýetinde halk bilen ysnyşykly gatnaşyk saklamak esasy ýörelgeleriň biri hasaplanypdyr. Gadymy döwürlerde hökümdarlar il arasynda uly abraýa eýe bolan ýaşululary, serkerdeleri we tejribeli adamlary bir ýere jemläp, olaryň pikirlerini diňläpdirler. Şeýle maslahatlaryň netijesinde kabul edilen çözgütler halkyň bähbidini goramaga, asudalygy üpjün etmäge we döwletiň durnukly ösüşini gazanmaga gönükdirilipdir. Bu ýagdaý türkmen jemgyýetinde jogapkärçiligiň we özara ynamyň pugtalandyrylmagyna hem oňyn täsir edipdir.
Nusgawy edebiýatymyzda hem geňeşmek, paýhasly söz diňlemek we ýaşuly nesle hormat goýmak ýaly gymmatlyklara giň orun berilýär. Magtymguly Pyragy halkyň jebisliginiň, agzybirliginiň ýurduň geljegi üçin esasy şertdigini öz eserlerinde çeper beýan edipdir. Şahyryň öwüt-ündewleri adamlary birek-birege hormat goýmaga, bilelikde maslahatlaşyp iş alyp barmaga hem-de jemgyýetiň abadançylygyny ileri tutmaga çagyrýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri döwletlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakdan, halk häkimiýetiniň ýörelgelerini ösdürmekden hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, möhüm döwlet ähmiýetli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna hem-de kabul edilýän çözgütleriň durmuşa geçirilmegine ýardam berýän ýokary wekilçilikli edaralaryň biri hökmünde çykyş edýär. Şonuň üçin Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek döwlet dolandyryşynyň netijeliligini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hasaplanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşy häzirki döwrüň möhüm syýasy wezipelerini kesgitlemek bilen birlikde, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek işleriniň guramaçylyk, hukuk, durmuş-ykdysady we jemgyýetçilik taraplaryny giňişleýin açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny ýokary derejede dabaralandyrmak, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeňligini artdyrmak hem-de ýurdumyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler beýan edilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolup, döwletiň ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitlemekde möhüm orun eýeleýär. Halk Maslahatynyň alyp barýan işi milli bähbitleriň goralmagyna, halkyň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna hem-de döwlet dolandyryşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň çykyşynda Halk Maslahatynyň esasy maksadynyň halkyň agzybirligini, jebisligini we abadançylygyny berkitmekden, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kuwwatyny artdyrmakdan ybaratdygy aýratyn nygtalýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine halk köpçüligini giňden çekmek, jemgyýetçilik tekliplerini öwrenmek we degişli çözgütleri taýýarlamak Halk Maslahatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. Şol bir wagtyň özünde, Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek döwründe giň gerimli wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Professor-mugallymlar, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan Halk Maslahatynyň taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini halka düşündirmek boýunça duşuşyklaryň, maslahatlaryň we çykyşlaryň geçirilmegi jemgyýetiň syýasy işjeňligini ýokarlandyrmaga hyzmat edýär.
Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek işinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasy ýol-ýörelge bolup çykyş edýär. Bu maksatnamada ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmek, täze önümçilikleri döretmek, maýa goýumlaryny artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek ýaly möhüm wezipeler kesgitlenendir. Şeýle maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi Halk Maslahatynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga we döwlet ösüşiniň strategik ugurlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilik döredýär.
Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, halkymyzyň bagtyýar, asuda we abadan durmuşyny üpjün etmek, döwletliligimiziň mizemez binýadyny has-da pugtalandyrmak, ykdysady kuwwatymyzy belent sepgitlere çykarmakda üstünlikleri arzuw edýäris. Ýaş nesilleri watansöýüjilik, belent ahlaklylyk we ynsanperwerlik ruhunda terbiýeläp, kämil şahsyýetler hökmünde kemala getirmek ugrunda alyp barýan döwletli başlangyçlary, parasatly syýasaty we taryhy özgertmeleri üçin biz mugallymlar bolup, tüýs ýürekden çykýan hoşallygymyzy hem-de egsilmez alkyşlarymyzy beýan edýäris. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik mekdebi we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ähli beýik başlangyçlar hemişe rowaçlyklara beslensin! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun! Halkymyzyň bagtyýar durmuşy dowamat bolsun!