Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Gökderedäki şadyýan bäsleşikler

Gökderedäki şadyýan bäsleşikler

16 Iýun, 2026 Makalalar
59

Ýakynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gökderedäki Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde «Biz — şadyýan çagalar», «Şadyýan tomus — 2026» atly bäsleşikleriň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşikler çagalarda şu ýylky dynç alyş bilen bagly ýakymly ýatlamalary galdyrdy.

«Biz — şadyýan çagalar» atly hereketli oýunlar boýunça guralan merkezara ýaryşa kiçi ýaşly mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Ýaryş örän çekeleşikli bolup, oňa gatnaşan oglandyr gyzlar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalaryň biragyzdan gelen netijelerine görä, degişlilikde 1-nji orna «Ýaşlyk», 2-nji orna «Demirýolçy», 3-nji orna bolsa Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri mynasyp boldy.

«Şadyýan tomus — 2026» atly bäsleşikde çagalar sportuň hereketli görnüşleri boýunça güýç synanyşdylar. Ýaryşyň maksady Gökdere jülgesinde dynç alýan çagalaryň tomusky günlerini peýdaly we gyzykly geçirmekden hem-de merkezlerde dostluk gurşawyny döretmekden ybarat boldy. Şonuň üçin hem bu ýaryşyň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Fijital sport tansy, fijital futbol, basketbol, ylgaw, stol tennisi, tanap çekmek we şaşka boýunça guralan ýaryşlara 8 — 10, 10 — 12, 12 — 14 ýaş aralygyndaky çagalar gatnaşdylar. Netijede, 1-nji ýeri «Ýaşlyk», 2-nji ýeri Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky, 3-nji ýeri bolsa «Altyn damja» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri eýelediler. Olara çäräni guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

— Şeýle çäreleri geçirmek başlangyjy merkezimiziň bedenterbiýe mugallymy Andreý Lopatine degişli. Bu bäsleşiklerde merkezimiziň çagalary hem üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşikleriň gyzykly we çekeleşikli geçmegi çagalarda sporta bolan höwesi artdyrýar. Galyberse-de, olar beýleki gurnaklara hem gatnaşýarlar. Dil gurnaklaryna köp isleg bildirilmegi, çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesiniň ýokarydygyny tassyklaýar. Mundan başga-da, gyzlar keşdeçilik, el işleri bilen bagly gurnaklara gatnaşýarlar. Bu olary türkmençilik däplerimiz bilen utgaşyklykda terbiýelemäge ýardam edýär.

Häzirki wagtda merkezimizde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary tejribelik geçýärler. Olar çagalary beden we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmek, sporta, bilime, tebigata, sungata söýgini artdyrmak ugrundaky işlerimize ýakyndan ýardam berýärler — diýip, Muhammetmyrat Nyýazow adyndaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň uly mugallymy Mähri Myradowa gürrüň berdi. Şeýle pursatlarda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillerimiziň hakyky watançylar bolup ýetişmekleri babatdaky tagallalaryň üstünlikli amal bolýandygyna buýsanjyň artýar.

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».