Ata-babalarymyz «Il agzybir bolsa, döwlet abadan bolar» diýipdirler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle asylly ýörelgeler has-da berkeýär. Il-gün bolup maslahatlaşmak hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda her ýyl Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi milletimiziň agzybirliginden, jemgyýetimiziň jebisliginden hem-de ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygyndan nyşandyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty milletiň agzybirligini, döwlet bilen halkyň bitewüligini kämil derejede görkezýän milli edaradyr. Gadymdan gelýän maslahatlaşmak däbiniň häzirki zaman döwlet gurluşy bilen sazlaşykly utgaşmagy netijesinde emele gelen bu edara ýurdumyzyň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdançadyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň agzybirligini, milli demokratik ýörelgeleri, jemgyýetiň, hususan-da, ýaşlaryň bähbitlerini özünde jemleýän milli edaradyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň nobatdaky tapgyrlaryny kesgitlemekde, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde möhüm syýasy münber bolup durýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň her bir raýatyň gündelik durmuşynda, abadançylygynda we ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmelerde giňden dabaralanýandygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetliliginiň taryhy hem-de döwrebap nusgasy hökmünde ýurdumyzyň syýasy ulgamynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Halk Maslahaty toplumlaýyn kararlary kabul etmekde, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň bähbitlerini goramakda we döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda ýaşlara döredilýän şertler döwletiň we jemgyýetiň beýik geljeginiň binýadydyr. Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky özgertmelere täze itergi berýär. Ýaşlaryň bilim almagy, zähmet çekmegi we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda ýaş nesliň hünär öwrenmegi we döwrebap tehnologiýalary özleşdirmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegi, halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýaş hünärmenleriň iş bilen üpjün edilmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, ýaş maşgalalara döredilýän ýeňillikler hem-de zähmet kanunçylygyndaky kepillikler ýaşlaryň jemgyýetde öz ornuny tapmagyna ýardam berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiň we Hökümetiň bilelikde sazlaşykly iş alyp barmaklary esasynda raýatlaryň tekliplerine uly üns berilmegi milli demokratiýanyň özboluşly nusgasyny emele getirýär. Şeýle hyzmatdaşlyk raýatlara özlerini diňe bir ýaşaýjy hökmünde däl, eýsem, Watanyň ykbalyna gös-göni jogapkärli şahsyýet hökmünde duýmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa jemgyýetiň durnuklylygyny hem-de parahatçylygyny pugtalandyrýan esasy güýçdür. Ykdysady kuwwaty ýokarlandyrmak, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, adam maýasyny ösdürmek arkaly gazanylýan üstünlikler hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de beýgeltmäge uly itergi berýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynda hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýiti zehini, yhlasy we zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýan watandaşlarymyzyň döwlet tarapyndan sylaglanylmagy olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da belende göterýär. Şeýle asylly işler ýaş nesilde zähmete, hünäre, ene topraga we Watana bolan söýgini terbiýelemekde hakyky görelde mekdebidir.
Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda öňde duran belent maksatlarymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.