Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

Yk­jam taý­ýar­lyk gö­rül­ýär

13 Iýul, 2026 Makalalar
49

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy­ny ga­zan­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de uly öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki gün­ler­de ýur­du­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de bi­lim ojak­la­ry­ny tä­ze 2026 — 2027-nji okuw ýy­ly­na taý­ýar­la­mak iş­le­ri­niň çäk­le­rin­de abat­la­ýyş, aba­dan­laş­dy­ryş iş­le­ri gyz­ga­laň­ly al­nyp ba­ryl­ýar.

Hem­me­ta­rap­la­ýyn abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­len, tä­ze okuw ýy­ly­na do­ly taý­ýar mek­dep­ler­de, ça­ga­lar bag­la­ryn­da ýaş nes­liň döw­re­bap hem ýo­ka­ry hil­li bi­lim-ter­bi­ýe al­mak­la­ry üçin äh­li ta­gal­la­lar edil­ýär. Ösüp gel­ýän ýaş nes­liň oňat oka­ma­gy, bi­lim iş­gär­le­ri­niň dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek­le­ri, bi­lim eda­ra­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň ne­ti­je­li­li­gi­ne bag­ly bo­lup dur­ýar. Tä­ze okuw ýy­ly­na taý­ýar­lyk iş­le­ri­ni göw­ne­jaý alyp bar­mak­da aras­sa­çy­lyk we abat­la­ýyş iş­le­ri hem-de bi­lim ojak­la­ry­nyň döw­re­bap en­jam­lar, gör­kez­me es­bap­lar bi­len üp­jün edil­me­gi mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­riň äh­li synp otag­la­ry, sport meý­dan­ça­la­ry we zal­la­ry giň mümkinçiliklere eýedir. Mek­dep ki­tap­ha­na­la­ryn­da hem iş­ler göw­ne­jaý gu­ra­lyp, bar bo­lan okuw ki­tap­la­ry göz­den ge­çi­ril­ýär we re­je­le­nip go­ýul­ýar.

«Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­lyn­da tä­ze okuw ýy­ly­na yk­jam taý­ýar­lyk gör­mek we ony my­na­syp gar­şy­la­mak bu ul­gam­da ga­za­nyl­jak tä­ze üs­tün­lik­le­riň, be­lent sep­git­le­riň berk bin­ýa­dy­dyr.

Ösüp gel­ýän ýaş nes­liň çuň­ňur bi­lim­li, Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za we­pa­ly ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi ug­run­da uly ta­gal­la­lar ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li beýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ümür­jan GUR­BAN­GY­LY­JO­WA,
Bal­ka­na­bat şä­he­rin­dä­ki 20-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.