Şu ýylyň 27 — 30-njy awgusty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde V Bütindünýä ýaşlar sammiti geçirildi. Oňa 50 ýurtdan 250-ä ýakyn wekil, müňden gowrak diňleýji gatnaşdy. Halkara medeni gatnaşyklary berkitmäge, özara pikir alyşmaga hem-de täze taslamalary goldamaga ýardam beren özboluşly meýdançada ýurdumyzyň ýaşlar wekiliýeti hem işjeň çykyş etdi.
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýaşlar forumy, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň degişli döwlet edaralary, Kazan federal uniwersiteti tarapyndan bilelikde guralan sammitde Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) öňe sürýän başlangyçlary bilen baglanyşykly gürrüňler edildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri ICESCO-nyň «Innowerse 50+» maksatnamasynyň çäginde geçirilen çäreleriň birnäçesine gatnaşdy. Olarda wekiliýet agzalary durnukly ösüş üçin hünärmenleri taýýarlamak, kiberhowpsuzlyk, emeli aň, ekologik abadançylyk, saglygy goraýyş, jemgyýetçilik-ykdysady we aragatnaşyk meseleleri bilen baglanyşykly bilimlerini artdyrdylar. Mundan başga-da, forumyň dowamynda daşary ýurtly gatnaşyjylara türkmen medeniýeti, ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar hem-de ylym-bilim syýasaty tanyşdyryldy.
Forumyň esasy mowzugy «Bütindünýä özgertmeler döwründe bilim: durnukly ösüş üçin hünärmenler» diýlip atlandyryldy. Onuň çäklerinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda görülýän çäreler, ýokary okuw mekdeplerinde emeli aňdan peýdalanmagyň tertibi, bilim ulgamynyň hilini kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, adam maýasyny ösdürmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan bilen dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli hem-de ynsanperwer gatnaşyklarda ýaşlar hyzmatdaşlygy ähmiýetli orny eýeleýär. Kazan sammitinde hem beýan edilen pikir-garaýyşlarda ýurdumyzdaky ösüşlerde ýaşlaryň döredijilikli zähmetiniň, täzeçil çemeleşmeleriniň hereketlendiriji güýje öwrülýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibinde bellenen wezipeleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirmek ýurduň durmuş syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, sagdyn ýaşaýşy, gender deňligini üpjün etmäge, hemmeler üçin adalatly we ýokary hilli bilim almak üçin şertleri döretmäge, ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmaga we innowasiýalara gönükdirilendir. Bu günki günde ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň öňe sürýän ynsanperwer, dostlukly, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlaryny amala aşyrmakda, olary durmuşa geçirmekde ýaşlaryň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär. Muňa Kazan sammitiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy.
Ýeri gelende bellesek, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlarynyň halkara dialogy barha ilerledilýär. Ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen Türkmen-özbek ýaşlar forumy şeýle çäreleriň biri hökmünde möhüm ähmiýete eýe boldy. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň many-mazmunyny, mümkinçiliklerini dünýä ýaýmaga döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.