Jemşit GALPAKOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 1-nji ýyl talyby:
— 3-nji synpda etrabymyzdaky Çagalar sungat mekdebine baranym ýaňy ýalydy. Ol ýerde fortepiano ugry boýunça 8 ýyl bilim aldym. Harby gullugy tamamlanymdan soňra, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde öz hünärim boýunça bilim aldym. Bu ýerde dünýä saz sungatynyň nusgawy kompozitorlary — L.W.Bethoweniň, F.Şopeniň, S.Rahmaninowyň we Nury Halmämmedowyň eserlerini içgin öwrenmäge uly mümkinçilik döredi. Bu ugurda ussat mugallymlarym Gözel Babanyýazowanyň, Aýna we Aýlar Öwezowalaryň zähmetiniň uludygyny belläsim gelýär. Saza bolan yhlasym, bu gün meni ýokary okuw mekdebiniň gapysyna getirdi. Şeýle ajaýyp pursatda ähli talyp bolan deň-duşlarymy hem-de mugallymlarymy Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.