Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy-medeni kökleri
Döwlet gurmak we ony dolandyrmak her bir milletiň ykbaly üçin iň möhüm wezipeleriň biri. Islendik bir halk döwlet gurluşynda öz ýoluny saýlap alýar. Bu jogapkärli işde dürli tejribeleriň bolmagy döwletleriň häkimiýet gurluşynyň gelip çykyşyna, halkyň taryhyna, milli däp-dessurlaryna hem-de döwrebap konstitusion taglymatlaryna esaslanýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýetine bolsa döwrebaplyk, kanunylyk, milli we dünýä tejribesini utgaşdyrmak ýörelgeleri mahsusdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu taryhy hakykatyň iň anyk delilleriniň biridir. Şonuň üçin halk häkimiýetiniň türkmen nusgasynyň taryhy-medeni köklerini we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň häzirki zaman döwletliligimizdäki jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek iň derwaýys wezipelerimiziň biridir.
Halk wekilçiligi türkmenleriň taryhy köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýan döwletlilik ýörelgesidir. Häzirki zaman türkmen taryhynda halk wekilçiligi milli parlamentarizmiň wajyp häsiýetidir. Çünki wekilçilikli häkimiýetiň esasy wezipesi — halkyň adyndan çykyş etmek, halkyň (raýatlaryň) bähbitlerini goramak, ileri tutmakdyr. Wekilçilikli häkimiýetiň her bir halkyň özüne mahsus görnüşleri, aýratynlyklary bar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň — halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň häkimiýet edaralarynyň ulgamynda tutýan orny, many-mazmuny, ygtyýarlyklary milli tejribämiziň hem-de halkara bileleşiginde hemmeler tarapyndan umumy ykrar edilen çemeleşmeleriň döwrebap kämilleşdirilen görnüşidir.
XVII—XIX asyrlarda halkymyzyň öz gündelik içki durmuşyny edara etmek, ýaşaýşyny üpjün etmek ýaly örän wajyp wezipeleri oba jemagatlary bolup, agzybirlikde ýerine ýetiripdir. Maslahatlaşmak dessury XIX asyrda has kämilleşipdir. Ol jemagatyň iň ýokary kanun çykaryjy we dolandyryjy guramasy bolan syýasy-jemgyýetçilik düzgünine öwrülipdir. Onda diňe jemagatyň işlerine däl-de, uly syýasy meselelere hem seredilipdir. Onuň düzümine il içinde abraýly hanlar, serdarlar, ulamalar, miraplar, kethudalar we tire-taýpa ýolbaşçylary giripdir. Wekiller demokratik esasda saýlanypdyr. Saýlawlara birnäçe adam hödürlenipdir.
Aksakgallar ýa-da kethudalar oba jemagatynyň ýolbaşçysy bolupdyr. Olar tejribeli, abraýly, köpügören adamlar eken. Şol wezipä saýlanan adam hyzmaty üçin jemagatdan diňe öz at-abraýyndan başga hiç zat almandyr. Onuň sözüne hemmeler gulak asypdyr we görkezmeleri ýerine ýetirilipdir. Han häkimiýetiniň ygtyýarlylygy barada aýdylanda, türkmen jemgyýetinde harby demokratiýanyň kada-kanunlary hereket edipdir. Jemgyýetiň başyna agyr gün düşende ýa-da howp abananda, kethudalar maslahat geçirip, abanýan howpuň garşysyna nähili hereket etmelidigi barada belli bir karara gelipdirler. Şeýle maslahatlar bent gurmak, gala salmak, ene ýaplary çekmek, ýer-suw paýlanyşygy ýaly ähli jemgyýet bolup geçirilmeli çäreleri amala aşyrmak üçinem çagyrylypdyr. Şunuň ýaly umumy jemgyýet işlerini amala aşyrmak maksady bilen, aýratyn hem, harby howp dörän pursadynda sebitlerde umumy han saýlanypdyr. Iliň öňüne düşüp, han adyny göterýän adamlar akylly-paýhasly, ukyply, edermen, batyr kişiler bolupdyr. Hanlaryň akyl-paýhasynyň näderejede halk tejribesine daýanýandygyny Keýmir serdaryň, Myrat hanyň, Nurberdi hanyň, Garaoglan hanyň, Gowşut hanyň, Dykma serdaryň, Täç Gök serdaryň we beýlekileriň alyp baran işleri, görkezen hyzmatlary aýdyň görkezýär. Olar dürli döwürlerde öz halkyna hyzmat edip, iliň hormatyna mynasyp bolupdyr.
Halkymyzyň şunuň ýaly taryhy-jemgyýetçilik adatlary bu günki demokratik ýörelgelerimiziň gadymy geçmişimiz we milli özboluşlylygymyz bilen berk baglanyşyklydygynyň anyk mysallarydyr. Islendik taryhy-medeni gymmatlyk bolsa şu günüň ruhunda täze mazmuna eýe bolanynda dowamata uzaýar. Her ýyl mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi bolsa halk häkimiýetiniň milli nusgasynyň, halkyň müňýyllyklara uzaýan taryhy ýolunda döwlet gurluşy we dolandyrylyşy babatda toplan tejribämiziň dabaralanmasynyň we ata-babalarymyzdan miras galan milli demokratiýanyň kämil nusgasydyr.