Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Merdanalygyň belent nusgasy

Merdanalygyň belent nusgasy

25 Awgust, 2026 Makalalar
36

Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda bedewleriň keşbi

Milli baýramyň gözbaşy

Ýurt Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, Türkmen bedewiniň baýramy ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 26-njy aprelinde bellenildi. Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Türkmen bedewiniň baýramçylygy Diýarymyzyň iň şatlykly, üstünlikli günleriniň baýramydyr. Çünki türkmen üçin şatlygyň gursagyna sygmaýan, ömrüň ýatda galyjy pursatlary — bu bedewiň aýlawda ýeňen pursady «Atyň çykdymy?» diýilmeýärmi?!» diýip, bu baýramyň diňe bir sport çäresi däl-de, türkmeniň durmuşynda şatlygyň, üstünligiň we myradyň gowuşmagynyň nyşany hasaplanýandygyny aýratyn belleýär. Bu setirleriň aňyrsynda türkmen halkynyň at bilen baglanyşykly ruhy dünýäsiniň, bagt we myrat düşünjesiniň çuňlugy bar. At türkmen üçin ömürlik ýoldaş, gaýgy-ünjiňi paýlaşýan syrdaş, ýeňşiň we şatlygyň nyşanydyr.

At bilen adamyň arasyndaky ruhy baglanyşyk

Türkmen dünýäsinde at bilen adamyň arasynda göze görünmeýän, ýöne örän güýçli baglanyşyk bar. At diňe bir eýesi bilen bile hereket etmeýär, ol onuň göwnüni, onuň ruhuny duýýar. Milli Liderimiziň kitabynda beýan edilişi ýaly, jeň meýdanynda bedew söweşiň ýagdaýyny eýesiniň sesinden, hereketinden aňypdyr we oňa laýyklykda ýardam etmäge çalşypdyr. Bu ýerde at ýönekeý bir jandar däl, eýsem, ýigidiň baky hemrasy, ykbaldaşy bolup çykyş edýär. Ol eýesiniň içki dünýäsini okap bilýän barlygyň mertebesine göterilýär. Kitapda bu baglanyşygyň başga bir täsirli beýany bar: «Bedew ýanyndaka, goç ýigit ýany janpenaly ýaly arkaýyndyr. Söweş atlary hem dürli ýagdaýlara laýyklykda taýýarlanylypdyr. Gerçegiň ýarag enjamy ýeňil bolan halatynda, olara kowsa ýetýän, gaçsa aldyrmaýan ýyndam atlar gerek ekeni». Bu ýerde atyň diňe bir güýç däl, eýsem, tilsim taýdan hem kämil bolmalydygy görkezilýär.

Görogly we Gyrat — wepalylygyň nusgasy

Görogly we Gyrat türkmeniň aňynda bir bitewi keşp hökmünde janlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserinde bu hakykaty: «Görogly beg üçin Gyraty dünýä baýlygydyr. Ol bedewine ýüzlenip: «Perzent dilemedim, seni diledim, hesretdeşim baş ýoldaşym, Gyratym» diýýär» diýen jümläniň üsti bilen beýan edilýär.
Göroglynyň ady bilen türkmen il-ulsunda batyrlyk, namys-arlylyk, edermenlik, watançylyk müdimi ýaşaýar. Bu ýerde at ömrüň dowamydyr, ykbalyň ýoldaşydyr. Gyrat — diňe bir at däl, ol — ýigidiň ruhy güýjüni, gaýratyny, wepalylygyny özünde jemleýän mukaddeslik.

Soltan Jelaleddin we mert bedew — taryhyň şöhratly hekaýasy

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda soltan Jelaleddininiň güýçli duşman bilen söweşde aty bilen derýadan geçen pursatyna aýratyn üns çekmek bilen: «...Batyr soltan özüni aty bilen derýa oklaýar. Mert bedew ýüzüp, ony derýanyň beýleki kenaryna alyp çykýar. Ony synlap duran duşmanlar haýran galýarlar» diýip ýazýar. Bu waka atyň wepalylygynyň, kyn pursatda eýesini gorap biljekdiginiň iň aýdyň nusgasy bolsa gerek. Bu ýerde bedewiň ýüzmek ukybynyň hem taryhy synagdan geçendigi, türkmen atlarynyň diňe gury ýerde däl, eýsem, suwda hereket etmekde-de ussatlygy görünýär. Jelaleddiniň bedewi oňa ajaldan halas bolmaga ýardam edýär. Bu bolsa bedew üçin eýesiniň janyndan hem gymmatdygyny aňýandygynyň subutnamasydyr.

«Çapyksuwar»: dilden taryha, taryhdan ruhy gözbaşa

Gahryman Arkadagymyzyň eserinde, «çapyksuwar» sözüniň manysy bilen baglanyşykly täsin maglumatyň bardygyna üns çekmek gerek. Bu barada kitapda: «Taryhy ýazgylarda oguzlaryň atlylaryna «suär» diýlendigi hem bellenilýär. Bu söz iki bölekden düzülip, «atly adam» diýen manyny berýär diýen pikirlerem ünsüňi özüne çekýär. Gadymy eserlerde «su» söweş manysyny berýär. Käbir alymlaryň işlerinde «çapyksuwar» diýen sözüň şundan gelip çykandygynyň ähtimaldygy hakynda hem aýdylýar» diýen setirler beýan edilýär. Bu ýerde atly gerçegiň dilimizde, taryhymyzda, medeniýetimizde näderejede orun alandygy aýdyň görünýär. «Çapyksuwar» diýen söz diňe bir atly söweşijini aňlatman, eýsem, türkmeniň taryhdaky ornuny, halkymyzyň söweş sungatyndaky ussatlygyny, gahrymançylygyny özünde jemleýär.

Parahatçylyk söýüjilik — ganatly bedewleriň myrady

Türkmen atlylarynyň ussatlygy barada kitapda köpsanly taryhy mysallar getirilýär. Emma türkmenler üçin esasy gymmatlygyň parahatçylyk söýüjilikdigi nygtalýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty hem parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary, asudalygy öňe sürýär. Atly gerçek hem şol asudalygyň, parahatçylygyň, watançylyk ruhunyň wepaly ýoldaşydyr. Kitapda Oguz hanyň parahatçylyk söýüjiligi barada aýratyn bellenilip geçilýär: «Oguz hanyň amala aşyran söweşleri gyrgynçylyk, paýhynlamak maksadyna gulluk etmändir. Illeri mümkin boldugyndan parahatçylykly, gyrgynçylyksyz ýollar arkaly birleşdirmek Oguz söweşleriniň esasy maksady bolupdyr». Garaşsyz Watanymyzda hem bedew parahatçylygyň, asudalygyň, dostlukly gatnaşyklaryň janly nusgasyna deňelýär. Bu manyda bedew diňe bir geçmişiň nyşany däl, eýsem, häzirki döwrüň Bitaraplyk syýasatynyň hem ganatly nusgasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň Çyn-Maçyna amala aşyran dostluk saparynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine sowgat hökmünde Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewiniň sowgat edilmegi hem ýurtlarymyzyň gatnaşyklaryna mahsus bolan okgunlylylyk, gözellik, gaýratlylyk we wepalylyk ýaly gymmatlyklary alamatlandyrýar.

Atçylyk topary — milli goşunyň mertebesi

Gahryman Arkadagymyzyň kitabynda Goranmak ministrligine degişli Atçylyk toparynyň döredilişi barada gyzykly maglumat berilýär. Kitapda bu barada: «2010-njy ýylyň 9-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň Gyzyl meýdanynda Ýeňiş baýramçylygynyň uludan bellenilendigi, türkmen bedewiniň şol dabaraly harby ýörişdäki hereketi märekäniň ýadyndan hiç haçan çykmaz. Bu dabaraly harby ýörişde Gyrat atly ahalteke bedewi ýöriş sazyna görä hereket edip, köpçüligiň şatlygyna deň duýgudaş bolmagy başarypdy» diýlip bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz bu wakanyň yzysüre, 2010-njy ýylyň iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşinde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň düzüminde Atçylyk toparynyň döredilendigini we Ýaragly Güýçleriniň hatarynyň bezegine öwrülendigini buýsanç bilen ýazýar. Bu bölümiň döredilmegi diňe bir dabaraly ýörişler üçin däl, eýsem, türkmen bedewiniň häzirki zaman harby mertebesiniň, atly gerçegiň ruhy güýjüniň döwlet derejesinde ebedileşdirilmeginiň aýdyň nusgasydyr.

***

Bedewiň her bir hereketinde Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň, asudalygyň we rahatlygyň ebedi aýdymy ýaňlanýar. Bu ýörelge türkmeniň ruhy keşbini, durmuş ýörelgesini aýdyň görkezýär. At — türkmeniň myrady, maksady, ynamy. Türkmeniň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegi bolan bedewleri, olaryň taryhyny, wepalylygyny, merdanalygyny wasp etmek uly buýsançdyr. Gahryman Arkadagymyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly eseri bolsa bu mukaddesligiň döwlet derejesindäki edebi beýany, türkmen bedewiniň ruhy gözbaşlarynyň ylmy we medeni nusgasydyr.

Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.