Günbe-günden uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda körpe nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegi, şatlykly, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Tomusky sagaldyş möwsüminde sapaklaryň ýerine gyzyklanma, göwnaçma çäreleri guralýar. Bu möwsümde çagalaryň sagdyn ösmekleri hem-de olaryň bedenini berkitmek maksady bilen çagalar bakja-bagymyzda meýilnama esasynda taplama çäreleri geçirilýär. Ony geçirmegiň maksady çagalaryň saglygyny berkitmek we goramakdyr. Çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmegi, kadaly ösmegi, dynç almagy üçin guralýan gyzyklanma çärelerine körpeler höwes bilen gatnaşýarlar.
Terbiýeçi-pedagoglar irden çagalaryň saglygyny, arassaçylygyny barlap kabul edýärler. Soňra körpeler bilen irki beden maşklary ýerine ýetirilip, ertirlik nahary berilýär. Körpeler naharlanandan soňra, dürli çäreler geçirilýär. Çagalar bilen dürli oýunlar, aýdym-sazly göwnaçmalar, «ertekiler dünýäsine» gezelençler guralýar. Soňra sagaldyş-taplama çäreleri geçirilýär.
Günüň ikinji ýarymynda çagalara dürli many-mazmunly oýunlar oýnadylýar. Soňra hereketli oýunlar guralýar.
Körpeler günüň dowamynda ýörite taýýarlanylýan tagamnama esasynda çagalar üçin gerekli witaminlere baý bolan önümler bilen naharlanýarlar. Çagalar bakja-bagymyzda her topara niýetlenen oýun meýdançalary bar. Olar ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyryldy. Ol meýdançalarda çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, terbiýeçilik pursatlary guralýar. Bu bolsa körpeleriň bedenlerini berkitmegine we wagtlaryny şadyýan geçirmegine uly ýardam berýär.
Tomus möwsüminde oýunlaryň yzygiderli guralmagy çagalaryň wagtlarynyň manyly we gyzykly geçmegine oňyn täsirini ýetirýär. Bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin multfilmleri görkezmek, ertekileriň gahrymanlarynyň şekillerini janlandyryp, oýunlary guramak has-da täsirlidir.
Çagalar bilen guralýan şeýle görnüşli göwnaçma çäreleri öz oňyn netijelerini berýär. Bu çäreler körpeleriň gündelik çagalar bagyna höwesli gatnamaklaryna, şatlanmaklaryna şert döredýär.
Ýurdumyzda sagdyn nesliň kemala gelmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.