Perhat ÖRÄÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyby:
— Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sahawatly saýasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda meniň durmuşymda iň uly arzuwym hasyl boldy. Aýdym-saz, medeniýet, sungat ugrundan okamak, bilim almak çagalykdan arzuwymdy. Maňa bu ýyl Türkmen döwlet medeniýet institutynyň bagtyýar talyby bolmak bagty nesip etdi. Şeýle eşretli zamanada okap, öwrenip, ata Watanymyzyň şöhratly ösüşlerine, üstünliklerine mynasyp goşant goşmak biz — ýaşlar üçin egsilmez bagtdyr. Biz hem öz saýlan hünärimiziň ussady bolup, ýurdumyzyň medeni ösüşlerine mynasyp goşantlarymyzy goşjakdygymyza tüýs ýürekden ynandyrýarys. Ýaşlara okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun! Döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!