Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Logo

Türkmenistanyň

Bilim ministrligi

Onlaýn ýüz tutma
Makalalar bölüminden yza gaýtmak
Şypaly künjekde sapaly dynç alyş

Şypaly künjekde sapaly dynç alyş

18 Iýul, 2026 Makalalar
34

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi ýokary ruhubelentlikde dowam edýär. Sapaly günler medeni we sport çärelerdir gyzykly bäsleşiklere beslenýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Hazar şäherçesinde ýerleşýän «Gara altyn» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hem bagtyýar çagalar döwrebap dynç alýarlar.

Mawy deňziň şypaly kenarynda hereket edýän 400 orunlyk merkezde çagalaryň wagtynyň many-mazmunly we gyzykly geçmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu ýerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümlerinde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň çagalarynyň ýüzlerçesi sapaly dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirýärler. Açyk deňziň kenaryna özboluşly görk berip oturan merkez ýaş nesliň saglygyny berkitmekde hem möhüm ähmiýete eýe.

Bu ýerde Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň Hazar şäherçe polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçilik toparynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň Hazar şäherçe bölümçesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen «Ýaş ýol gözegçileri» atly bäsleşik hem çagalarda uly gyzyklanma döretdi. Gyzykly bäsleşige gatnaşan çagalar «Nyzamly hatar», «Bilgirje», «Ýaş sürüji» ýaly şertler boýunça bäsleşip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Olara pyýadalaryň borçlaryny, ýol hereketiniň düzgünlerini, ýolyşygyň kadalaryny we ýol belgilerini öwretmegi maksat edinýän bäsleşik juda täsirliligi bilen tapawutlandy. Bäsdeşler ýol belgilerini ýasamak boýunça hem özara bäsleşdiler.

Şeýle-de sportuň tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak, stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka ýaly görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar juda çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Ýaryşlar ýaş ezber türgenleri ýüze çykardy. Ruhubelentlige, egsilmez şatlyga beslenen bäsleşikleriň ýeňijilerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Arazguly HUDAÝGULYÝEW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Andreý PAKULOW.