XXIII. DÜNÝÄ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny, çykyşlaryny dünýä medeniýeti dersinde peýdalanmagyň döwrebap usullary.
2. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen sungatyň ähmiýeti baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyndaky çykyşyny hem-de bilimiň, ylmyň we medeniýetiň halklary dostlaşdyrmaga ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny dünýä medeniýeti dersinde okuwçylara düşündirmegiň usullary.
4. Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleriniň geçirilmeginiň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň baýlaşmagynda we Türkmenistanyň alyp barýan medeni diplomatiýasynyň has-da dabaralanmagynda sungatyň halklary birleşdirýän köpri hökmündedigini dünýä medeniýeti dersinde ýaş nesle öwretmegiň usulyýet tärleri.
5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron okuw-görkezme toplumlaryny taýýarlamagyň we peýdalanmagyň döwrebap usullary.
6. Okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini we özbaşdak pikirlenmek endiklerini üpjün etmekde okatmagyň konstruktiw usulyny peýdalanmagyň iş tejribesinden.
7. Umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan desgalar hökmünde Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň täsin ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usulyýet tärleri.
8. Emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden we innowasion usullardan, sanly serişdelerden netijeli peýdalanmagyň usullary.
9. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde türkmen telewideniýesinde ýazgy etmek hem-de teleýaýlyma goýbermek maksady bilen, telewizion okuw sapaklaryny taýýarlamagyň usullary.
10. Dünýä medeniýeti dersi boýunça usuly birleşmäniň işini döwrebap guramagyň we alyp barmagyň iş tejribesinden.
11. Dünýä medeniýeti dersini döwrebap okatmakda milli we dünýä tejribesini peýdalanmagyň hem-de ýaýratmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň özüni kämilleşdirmegi, öz bilimini yzygiderli artdyrmagy, hünär derejesini we pedagogik ussatlygyny ýokarlandyrmagy, täze, döwrebap usullary özleşdirmegi, öňdebaryjy dünýä we milli tejribäni öwrenmegi we peýdalanmagy babatda ýerine ýetirmeli işleri.